

Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini paýhas bilen saýlamagyna uly hormat bilen garaýar
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Duşuşyk 25-nji iýunda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirildi



















