HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Türkiýe iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Sentýabr 02, 2025 | 18:35 |7494
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Erzurum welaýatynyň Häkimi Mehmet Sekmeniň arasynda duşuşyk geçirildi.Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Erzurum welaýatynyň Häkimi Mehmet Sekmeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy

2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Erzurum welaýatynyň Häkimi Mehmet Sekmeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar oba hojalyk, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryny öz içine alýan iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başgada, maldarçylyk pudagyndaky iki döwletiň işewürleriniň arsyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, duşuşykda iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky bar bolan ygtybarly gatnaşyklary berkitmek hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine seredildi. Şeýle-de, Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlik artykmaçlyklary nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda kesgitlenen dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Туркменистан и Турция.jpg

Mundan başga-da, türkmen diplomatlary Erzurum şäherinde geçirilýän oba hojalygy we maldarçylyk boýunça halkara sergisiniň işine gatnaşdylar. Erzurum şäherinde geçirilýän halkara sergisi Türkiýäniň iň uly çäreleriniň biri bolup, Ýewropanyň hem öňdebaryjy ýarmarkalarynyň biri hasaplanylýar. Sergi oba hojalyk we maldarçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge we özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döretýän çäresi hasaplanylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026