HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Sentýabr 01, 2025 | 12:22 |6800
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Çeşme: orient.tm

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Häzirki döwürde Özbegistan Respublikasy syýasy, durmuş-ykdysady we beýleki ugurlarda öňegidişlik hem-de gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Biz ýakyn goňşymyzyň gazanýan üstünliklerine begenýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky häzirki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn hem-de durnukly häsiýete eýedigini we hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlar boýunça ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026