HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Howa hünärmenleri Türkmenistanda sentýabr aýynyň başynda boljak howa ýagdaýy barada habar berdiler

Sentýabr 01, 2025 | 14:10 |6230
Sentýabryň ilkinji hepdesinde Türkmenistanyň çäginde howa ýagdaýy, merkezini Taýmyrda ýerleşdiren giň antisiklon hem-de ýurduň günorta-gündogarynda we Hazar deňziniň günorta akwayoriýasyndaky bar minimumlarynyň täsiri astynda emele gelerSentýabryň ilkinji hepdesinde Türkmenistanyň çäginde howa ýagdaýy, merkezini Taýmyrda ýerleşdiren giň antisiklon hem-de ýurduň günorta-gündogarynda we Hazar deňziniň günorta akwayoriýasyndaky bar minimumlarynyň täsiri astynda emele geler
Çeşme: orient.tm

Sentýabryň ilkinji hepdesinde Türkmenistanyň çäginde howa ýagdaýy, merkezini Taýmyrda (Ýewraziýanyň iň demirgazyk yklym bölegi, Russiýanyň iň uly ýarym adasy) ýerleşdiren giň antisiklon hem-de ýurduň günorta-gündogarynda we Hazar deňziniň günorta akwayoriýasyndaky bar minimumlarynyň täsiri astynda emele geler.

Şeýle howa ýagdaýynda demirgazyk-gündogar ýelleri agdyklyk edýär diýip, Meteožurnal ýazýar.

Duşenbe, 1-nji sentýabr. Irden ýurduň köp welaýatlarynda salkyn: +18…+23°, Balkan welaýatynda +21…+26°. Gündiz howa +30…+35° çenli gyzar, Aşgabatda +31…+33°.

Sişenbe. Temperatura ýokarlanar, esasan-da gijelerine duýlar. Gündiz +32…+37°, paýtagtymyzda +33…+35° bolar.

Çarşenbe. Ýurduň demirgazygynda +31…+36°, günortada bar minimumlarynyň güýçlenmegi bilen +33…+38° garaşylýar.

Penşenbe–anna. Gazagystanyň üstünde merkezi ýerleşen siklonyň täsiri astynda gyzgyn howa dowam eder: gündiz +33…+38°.

Dynç günleri. Demirgazyk-günbatardan gelen howa toplumlarynyň täsiri bilen ýurduň günbatar we demirgazyk sebitlerinde temperatura +28…+33° çenli peseler, gündogar we günorta-gündogar sebitlerde +32…+37° derejede gyzgyn howa dowam eder.

Şeýlelikde, sentýabryň ilkinji hepdesi Türkmenistanda ýyly we käbir ýerlerde gyzgyn howa bilen geçer, hepdäniň ahyrynda yssynyň az-owlak gowşamagyna garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026