

Türkmen bilýardçylary Moskwada kubok üçin bäsleşer
Türkmen bilýardçylary 15-nji maýdan 20-nji maý aralygynda Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek Moskwanyň häkiminiň kubogyna gatnaşar. Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ORIENT-iň habarçysyna berlen habara görä, türkmen wekiliýetiniň düzümini 13 sportçy bilen birlikde 17 adamdan ybarat.



















