Habarlar

Beýik Britaniýanyň täze ilçisi Stiwen Konlon Aşgabat şäherine geldiBeýik Britaniýanyň täze ilçisi Stiwen Konlon Aşgabat şäherine geldi

Beýik Britaniýanyň täze ilçisi Stiwen Konlon Aşgabat şäherine geldi

Duşenbe güni Beýik Britaniýanyň täze ilçisi Stiwen Konlon Türkmen Daşary işler ministrligine öz şahsyýetnamalarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşyk Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew tarapyndan geçirilip, ol iňlis diplomatyny wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň ilçihananyň işine ýardam hem-de goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.