HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Antiplagiat» programmasy indi diňe tekstleriň gabat gelmegini däl, eýsem olaryň manysyny hem barlar

Maý 26, 2023 | 14:44 |5498
Ýüklenen tekstleriň hiç ýerden alynmandygyny barlaýan Russiýanyň «Antiplagiat» programmasy indi dünýäniň 100 dilinde elýeterlidir. Mundan başga-da, Milli tehnologiki başlangyçlar taslamalaryna goldaw bermek Gaznasynda belleýişleri ýaly, indi programma diňe bir tekstleri işlemän, eýsem onuň manysyny hem işlär -  diýip, TASS habar berýär.Ýüklenen tekstleriň hiç ýerden alynmandygyny barlaýan Russiýanyň «Antiplagiat» programmasy indi dünýäniň 100 dilinde elýeterlidir. Mundan başga-da, Milli tehnologiki başlangyçlar taslamalaryna goldaw bermek Gaznasynda belleýişleri ýaly, indi programma diňe bir tekstleri işlemän, eýsem onuň manysyny hem işlär -  diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: pixabay.com

Ýüklenen tekstleriň hiç ýerden alynmandygyny barlaýan Russiýanyň «Antiplagiat» programmasy indi dünýäniň 100 dilinde elýeterlidir. Mundan başga-da, Milli tehnologiki başlangyçlar taslamalaryna goldaw bermek Gaznasynda belleýişleri ýaly, indi programma diňe bir tekstleri işlemän, eýsem onuň manysyny hem işlär - diýip, TASS habar berýär.

Ylmy işleriň, resminamalaryň we beýleki edebiýatyň gabat gelýänligini barlamaga niýetlenilen «Antiplagiat» ulgamynyň esasy wezipesi onuň «öz sözleriň» bilen ýazylan tekstleriň başlangyç maglumatlarynyň işlenilmeginiň netijelerini hasaplap bilmezligidi.

Indi bolsa programmanyň täsin algoritmleri birmeňzeş manyly elementleri Internetdäki 1 mlrd-dan gowrak tekst çeşmelerini monitoring etmegiň kömegi bilen berkitmäge ukyplydyr. Şeýlelik bilen, neýroanaliz neýrosetleriň üsti bilen ikinji işlemäni geçen tekstleri barlamaga mümkinçilik berýär.

Şol sebäpli, ylmy, kurs işleriniň we beýleki işleriň ýazylmagy emeli intellektiň kömegi bilen has ýokary hilli skanirlener we ulanyjylar ýöriteleşdirilen nýerosetleriň kömegi bilen ýazylan işleri ýükläp bilmezler.

Häzirki wagtda goşundy aýratyn hem GDA-nyň ýokary okuw mekdeplerinde giň meşhurlyga eýedir. Ony Türkmenistanda hem talyp olimpiadalarynda we beýleki tekst bäsleşiklerinde ulanýarlar.

«Antiplagiatyň» Latyn Amerika, Ýakyn Gündogar, Türkiýe we hatda Hindistan ýaly iri sebitleriň bazarlaryny eýeläp biljekdigi habar berilýär, olar dürli transmilli korporasiýalaryň internet-klasterine baýdyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026