HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Ýaşaýyş geçelgesi” üç minutda: Hytaýdaky festiwalda 20 müň adam nätanyş birini halas etmek üçin ýol açdy

Maý 07, 2026 | 19:07 |3630
Çeşme: orient.tm

Howsala ýerine — agzybirlik. Bulam-bujarlyk ýerine — gudrat we bary-ýogy 180 sekuntda halas edilen bir adam ömri.

Ýekşenbe agşamy Hubeý welaýatynda geçirilen aýdym-saz festiwaly tasdan pajygaly ýagdaý bilen tamamlanypdy. Emma 20 müň tomaşaçy, polisiýa we lukmançylyk işgärleriniň sazlaşykly hereketi netijesinde bir adamyň jany halas edildi. Adamkärçiligiň täsirli pursadyny CCTV+ düşürip, dünýä ýaýratdy.

Bu wakýa Szinçžou şäheriniň köçelerinde boldy. Saz ýaňlanýardy, müňlerçe adam çykyşdan lezzet alýardy — we birden tomaşaçylaryň biriniň ýagdaýy ýaramazlaşdy. Bir adam huşuny ýitirip, ýere ýykyldy.

Emma adamlar dykylyşyk we dowul döretmegiň deregine, ýol açyp, gapdallara çekilip başladylar. Olar muny edil ýyllar boýy türgenleşen ýaly gaty guramaçylykly etdiler. Lukmanlar gelende, mähelle eýýäm giň geçelge açypdy.

Dron arkaly düşürilen şekillerde haýran galdyryjy pursat görünýär: adamlar deňzi ýatladýan mähelle bolup, götergiçleriň öňünde iki ýana çekilýärler. Olar polisiýa we halas edijiler bilen bilelikde soňra «ýaşaýyş geçelgesi» diýlip atlandyrylan ýoly döretdiler.

Bu bolsa özüniň oňat netijesini berdi. Adamyň ýere ýykylan pursadyndan tä tiz kömek ulagyna ýüklenilýänçä, bary-ýogy üç minut wagt geçdi. «Bu ýoly açmak üçin hemme kişi doly sazlaşykly hereket etdi» — diýip, bolan wakanyň şaýady bolan ýerli jemgyýetçilik işgäri Din I gürrüň berdi.

Waka bolan ýerinde ewakuasiýa işlerine ýolbaşçylyk eden polisiýa işgäri Peý Çžihun «Men darajyk geçelgeden ylgap geçdim we tizden-tiz lukmanlary getirdim. Olar ilkinji kömegi berýärkäler, götergiçleri getirdiler we hassany ulaga geçirdiler. Tutuş amal üç minutdan köp wagt almady» diýip belleýär.

Ýerli ýaşaýjylar we adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri mähelläniň bu hereketine ýokary baha berdiler. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, halas edilen adamyň ömri indi howp astynda däl we ol sagalyp barýar.

Üç minut, 20 000 adam we halas edilen bir ömür — saz dymyp, adamkärçilik islendik ses gataldyjydan has gaty ýaňlananda, ine, şeýle zatlar bolýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026