HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda CARAVAN taslamasynyň çäklerindäki media hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş maksatnamasy tamamlandy

Maý 07, 2026 | 17:42 |5052
Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitleýin CARAVAN taslamasynyň çäklerinde media we kommunikasiýa ulgamyna degişli ýöriteleşdirilen treningleriň tapgyry üstünlikli tamamlandyAşgabatda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitleýin CARAVAN taslamasynyň çäklerinde media we kommunikasiýa ulgamyna degişli ýöriteleşdirilen treningleriň tapgyry üstünlikli tamamlandy
Çeşme: Orient.tm

Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitleýin CARAVAN taslamasynyň çäklerinde media we kommunikasiýa ulgamyna degişli ýöriteleşdirilen treningleriň tapgyry üstünlikli tamamlandy.

Okuw çäreleri 2026-njy ýylyň 29-njy apreli - 6-njy maýy aralygynda "Bouygues Turkmen" kompaniýasynyň Okuw merkezinde (Carbon Training Center) geçirildi we her treningde takmynan 30 gatnaşyjyny — kontent döredijileri, KHBS wekillerini, mugallymlary hem-de media ulgamynda döredijilik we hünär başarnyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýän talyplary birleşdirdi.

тренинг ЕС

CARAVAN — media sowatlylygynyň hereketlendiriji güýji

CARAVAN taslamasy hünär başarnyklaryny ösdürmäge, media we maglumat sowatlylygyny berkitmäge, şeýle hem Merkezi Aziýada üýtgäp duran maglumat giňişliginde kontent döretmegiň jogapkärçilikli çemeleşmelerini ilerletmäge gönükdirilendir.

Iki tapgyrly okuw maksatnamasy

Okuw maksatnamasy iki tapgyrda amala aşyryldy:

• 29-njy aprel – 1-nji maý — talyplar, mugallymlar, kontent döredijiler we beýleki gyzyklanýan gatnaşyjylar üçin;

• 4–6-njy maý — KHBS wekilleri we Türkmenistanyň ministrlikleriniň köpçülik bilen aragatnaşyk boýunça işgärleri üçin;

CARAVAN

Tejribe, tehnologiýalar we etika

Treningleriň dowamynda häzirki zaman media ulgamynyň esasy ugurlaryna seredildi:

• wizual we narratiw storytelling;

• media sowatlylygy we kontent döretmegiň etiki meseleleri;

• media maglumatlary meýilleşdirmek we ýaýratmak;

• maglumatlary wizualizasiýa etmek;

• sanly gurallary, şol sanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak;

Maksatnama bilermenleriň çykyşlaryny, amaly tabşyryklary we interaktiw çekişmeleri öz içine aldy.

Maksatnamanyň bilermenleri

Treningleri Gazagystandan gelen halkara bilermenler alyp bardy:

• Gülim Amirhanowa — media bilermeni, redaktor we multimediýa prodýuseri;

• Aýganym Amirbekowa — YouTube boýunça bilermen, AIR Media-Tech kompaniýasynyň baş direktory, Gazagystandaky YouTube Academy-niň utgaşdyryjysy.

caravan

Maksatnamanyň dowamynda şeýle pikir beýan edildi:

“Döwrebap hünär başarnyklarynyň ösüşine goldaw bermek — adam mümkinçiliklerine goýulýan maýa goýumdyr. Kontent döretmäge jogapkärçilikli çemeleşme häzirki çalt üýtgeýän maglumat giňişliginde ynanyşmagyň, hiliň we uzak möhletleýin gymmatlygyň kemala gelmegine ýardam edýär”, — diýip, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Maçeý Madalinski öz giriş çykyşynda belledi.

Durnuklylyk we döwrebap tehnologiýalar

CARAVAN taslamasynyň esasy ugurlarynyň biri media ulgamlarynyň durnuklylygyny ösdürmekden, şol sanda dezinformasiýa garşy göreşmekden we häzirki zaman tehnologiýalaryny, hususan-da emeli aň gurallaryny kontent bilen işlemekde ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

caravan

Maksatnamanyň ähmiýeti we netijeleri

CARAVAN taslamasynyň çäklerinde geçirilen treningler Türkmenistanyň professional media jemgyýetçiliginiň ösüşine möhüm goşant boldy. Bu çäreler gatnaşyjylaryň amaly başarnyklarynyň giňelmegine, kontentiň hiliniň ýokarlanmagyna we hünär standartlarynyň berkidilmegine ýardam etdi.

Şeýle hem başlangyç halkara hyzmatdaşlygyň we media hem-de kommunikasiýa ulgamynda bilim maksatnamalaryny yzygiderli ösdürmegiň möhümdigini görkezdi. Bu işler Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026