HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Sinszýan – Uýgur awtonom raýonyna bardy

Maý 16, 2024 | 09:32 |8912
Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň we “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilhanasynyň ilçisi Parahat Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Sinszýan – Uýgur awtonom raýonynyň (SUAR) Urumçy, Kaşgar, Karamaý we Inin şäherlerine, şeýle hem Horgos serhetüsti geçiş nokadyna baryp gördi.Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň we “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilhanasynyň ilçisi Parahat Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Sinszýan – Uýgur awtonom raýonynyň (SUAR) Urumçy, Kaşgar, Karamaý we Inin şäherlerine, şeýle hem Horgos serhetüsti geçiş nokadyna baryp gördi.
Çeşme: Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň we “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilhanasynyň ilçisi Parahat Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Sinszýan – Uýgur awtonom raýonynyň (SUAR) Urumçy, Kaşgar, Karamaý we Inin şäherlerine, şeýle hem Horgos serhetüsti geçiş nokadyna baryp gördi.

Iş saparynyň dowamynda wekiliýetiň agzalary Hytaýyň kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, SUAR-yň Partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuý, SUAR-yň gubernatory Erkin Tuniýaz we onuň orunbasarlary, şeýle hem beýleki resmi adamlar, hususy kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşdylar.

Olar sebitdäki metallurgiýa, dokma we oba hojalyk önümçiligi kärhanalary bilen tanyşdylar, ahalteke atçylyk fermasyna, ulag-logistika we lomaý söwda merkezlerine baryp gördüler. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary edara ediş taryhy-medeni merkezlerine, muzeýlere bardylar. 1 Ilçi “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” HHR-daky wekilhanasynyň işgärleri bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň Karamaý şäherindäki şahamçasynda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Parahat Durdyýew talyplara beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligi barada okuw sapagyny geçdi.

Şeýle hem ol 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň we 20-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijeleri, Änew medeniýetiniň diňe bir türki dünýäsi üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Şeýle hem türkmen diplomaty “Xinjiang Commercial Logistics Group Co. Ltd” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyga gatnaşdy.

SUAR özüniň Türkmenistan bilen medeni-taryhy we geografiýa taýdan ýakynlygyny nazara almak bilen, Magtymgylynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahaty we şahyryň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmäge, merkeziň garamagyndaky ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary üçin goşmaça ýerleri bölüp bermäge, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryna lukmançylyk bejergisini almak üçin ýeňillikleri girizmäge taýýardyr. Şeýle hem bu welaýat her ýyl geçirilýän “Hytaý – Ýewraziýa” oba hojalyk tehnikasynyň sergisine gatnaşmak mümkinçiligini bermegini dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026