HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«TESC 2024»: Aşgabatda energetika pudagynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýun 10, 2024 | 11:35 |10249
5-6-njy iýunda Aşgabatda energetika pudagynyň möhüm meselelerine bagyşlanan «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.5-6-njy iýunda Aşgabatda energetika pudagynyň möhüm meselelerine bagyşlanan «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Çeşme: «Turkmen Forum» tarapyndan berildi

5-6-njy iýunda Aşgabatda energetika pudagynyň möhüm meselelerine bagyşlanan «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bu çäre «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Turkmen-Forum» we «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Maslahat her ýyl 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlandy we energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Maslahatda 33 ýurtdan 270-den gowrak wekil, şol sanda öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri ýygnandy.

Iki günüň dowamynda energetika pudagyny ösdürmegiň mümkinçilikleri, täze tehnologiýalar, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly ekologik talaplar, şeýle hem geljekdäki energetiki geçişler we tehnologiýalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem uglewodorod önümçiliginden metanyň we CO2 zyňyndylaryny azaltmak hem-de ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerini ösdürmek başlangyçlaryna garaldy.

Forumyň dowamynda türkmen tarapyndan çykyş edenler nebitgaz pudagynyň klimat dialogynyň bir bölegi we klimat çözgütleriniň esasy hereketlendiriji güýji bolmalydygyna düşünjäniň dünýäde barha artýandygyny aýtdylar.

«Türkmengazr» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Şageldi Hangeldiýew häzirki wagtda nebitgaz pudagynyň dünýädäki energiýa sarp edilişiniň 55%-ini üpjün edýändigini we energetiki özgertmelere gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur maliýe serişdelerine eýelik edýändigini, bu senagatda gazanylan bahasyna ýetip bolmajak tejribäniň uglerodyň tutulmagy we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döredilmegi ýaly pudaklarda möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, gazylyp alynýan ýangyçlaryň dekarbonizasiýa edilmegini gazanmaly, olary ulanmakdan düýbünden ýüz öwürmeli däl.

Türkmenistan metanyň zyňyndylaryny azaltmakda üstünlik gazanýar, muňa «Garagumuň ýalkymy» gaz krateri mysal bolup biler. Diametri 60 metr we çuňlugy 20 metr bolan bu desga ekologiýa taýdan zyýanly zyňyndylaryň çeşmesidir. Emma krateriň golaýynda ýerleşýän täze guýynyň kömegi bilen, gaz akymyny gönükdirmek we onuň gözegçiliksiz goýberilmegini azaltmak mümkin boldy.

Derwezedaki krateriň düýbüne inen gözlegçi Jorj Kurunis Türkmenistanyň «Garagumuň ýalkymyndan» metanyň zyňyndylaryny azaltmakdaky üstünliklerine ünsi çekdi. Ol Türkmenistanda geçiriljek geljekki ekspedisiýada krateriň ýagdaýy barada has jikme-jik maglumat alyp biljekdigine umyt bildirdi. Ekspedisiýa kraterdäki mikrob durmuşyny öwrenmäge, şol sanda nusgalary ýygnamaga we DNK barlagyny geçirmäge, şeýle hem düzümine we ýanyş netijeliligine baha bermek üçin gaz zyňyndylaryny seljermäge gönükdiriler. Kurunis gözlegiň netijelerini bütin dünýäde interaktiw ýaýlymlary guramak arkaly bilim maksatly ulanmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Tehniki ylymlar kafedrasynyň dosenti Rejepmyrat Işangulyýew 2020-nji ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine ählumumy energiýa geçişine maýa goýumlaryň 501,3 milliard dollarlyk taryhy derejä ýetendigini aýtdy, şunda esasy üns Gün we ýel energiýasyna jemlendi. Muňa garamazdan, adamzadyň ählumumy ýylylygy azaltmak baradaky umytlary kanagatlandyrylmaýar. Onuň çykyşynda hemişelik esasda durnukly energiýa üpjünçiligi mümkinçiliginiň bardygy hasaplanýan geotermal energiýa aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň howa boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň ähmiýetini belläp geçdi. Merkez sebitdäki howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin tehnologiýalary işläp düzmek we geçirmek bilen meşgullanar. 2012-nji ýylda «Rio+20» maslahatynda ilkinji gezek teklip edilen bu başlangyç barha giň gerim alýar we 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen ÝUNEP Maksatnamasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi.

Merkeziň işe girizilmegi baradaky kararyň 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Bakuda geçiriljek «COP 29» maslahatynda kabul edilmegine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026