Habarlar

Türkmenistan BSG-a goşulmagyň ýolunda Özbegistanyň tejribesini öwrenýärTürkmenistan BSG-a goşulmagyň ýolunda Özbegistanyň tejribesini öwrenýär

Türkmenistan BSG-a goşulmagyň ýolunda Özbegistanyň tejribesini öwrenýär

Daşary işler, maliýe we ykdysadyýet, söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliklerini öz içine alýan esasy edaralaryň wekillerini öz içine alýan Türkmenistanyň wekiliýeti 5-6-njy dekabr aralygynda Ženewada geçirilen Özbegistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy baradaky Iş toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşdy. Çärä gatnaşmak BSG-e goşulmak üçin beýleki ýurtlaryň tejribesini öwrenmekde Türkmenistan üçin möhüm ädim boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylarTürkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.

Ankara şäherinde Türkmenistana bagyşlanan halkara  ylmy-amaly maslahat geçirildiAnkara şäherinde Türkmenistana bagyşlanan halkara  ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ankara şäherinde Türkmenistana bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ankara şäherinde «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk düşünjesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly, Gündogaryň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysynyň türk dilindäki täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

«Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady«Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady

«Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady

Halkara ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, talyp ýaşlary bilen bir hatarda, iri halkara syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň we dünýäniň abraýly ylym-bilim merkezleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de, Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýa, Italiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy, Belarus Respublikasyndan, Türkiýe, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasyndan, Hindistan, Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan, Taýland Patyşalygyndan, Özbegistan we beýleki ýurtlardan tanymal dilçi alymlar, görnükli bilim işgärleri, halypa professor-mugallymlary ýygnandylar.

Ýokary we ýörite orta sazçylyk, sungat mekdepleri üçin täze okuw gollanmasy neşir edildiÝokary we ýörite orta sazçylyk, sungat mekdepleri üçin täze okuw gollanmasy neşir edildi

Ýokary we ýörite orta sazçylyk, sungat mekdepleri üçin täze okuw gollanmasy neşir edildi

Gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty özüniň çuň many-mazmunlylygy we çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar. Nesilden-nesle geçip, özüniň gymmatyny ýitirmän, şu günlere çenli gelip ýeten halk-professional aýdym-saz sungaty häzirki döwürde has-da uly ösüşe eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmeniň Şükür bagşy, Hally bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Oraz Salyr, Mylly aga, Magtymguly Garly, Sapar Bekiýew, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Nurjemal Adyýewa, Çary Täçmämmedow, Ödenyýaz Nobatow, Gurt Ýakubow, Nurberdi Gulow, Mustak Aýmedow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akjagül Myradowa, Ilaman Annaýew kimin ussat bagşy-sazandalary köp. Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Çary Nurymow ýaly zehinli kompozitorlarymyzyň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr. Olaryň aýdýan aýdymdyr dessanlary, çalan we döreden sazlary halkymyza ruhy goldaw berip, ýagty ertirlere ataryp geldi.»