Habarlar

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana gulluklarynyň ösüşinde gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldyTürkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana gulluklarynyň ösüşinde gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana gulluklarynyň ösüşinde gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt edarasynyň ýardam bermeginde “2022-2024-nji ýyllar döwri üçin Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana gullugynyň ösdürilmegini ýerine ýetirmegiň meýilnamasy” atly taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň milli barlaghana gullugynyň kuwwatyny pugtalandyrmak üçin çäreleriň täze meýilnamasyny işläp taýýarlamak üçin maslahat geçirdi.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasyndan medeni çellenj: her bir sözde parahatçylyk we ynanyşmak▶️Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasyndan medeni çellenj: her bir sözde parahatçylyk we ynanyşmak▶️

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasyndan medeni çellenj: her bir sözde parahatçylyk we ynanyşmak▶️

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň baýramçygynyň şanyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy medeni çäre gurnady. Bu başlangyç giň köpçüligiň ünsüni özüne çekdi we Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ähmiýetini nygtady

BSG-na taýýarlyk: Türkmenistanda maliýe hyzmatlary bazaryna giriş meselesini ara alyp maslahatlaşdylarBSG-na taýýarlyk: Türkmenistanda maliýe hyzmatlary bazaryna giriş meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

BSG-na taýýarlyk: Türkmenistanda maliýe hyzmatlary bazaryna giriş meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

30-njy ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde maliýe hyzmatlary bazaryna girmek baradaky borçnamalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça webinar geçirdi. Bu çäre, BMGÖM-iň bilelikdäki dowam edýän “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, III tapgyr” taslamasynyň çäginde gurnaldy