HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde uly taslamasyna başlady

Ýanwar 31, 2025 | 11:40 |6720
Azerbaýjan Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde uly taslamasyna başlap, ol dünýä giňişliginde ilkinji özboluşly taslama bolar.Azerbaýjan Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde uly taslamasyna başlap, ol dünýä giňişliginde ilkinji özboluşly taslama bolar.
Çeşme: e-cis.info

Azerbaýjan Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde uly taslamasyna başlap, ol dünýä giňişliginde ilkinji özboluşly taslama bolar.

Taslamanyň çäklerinde “Molla Nasreddin. Agyr günlerimiň ýoldaşy” atly film düşeriler. Oňa Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan gatnaşar. AZERTAJ-yň habar bermegine görä, film ýarym ýyl mundan öň düşürilip başlandy, häzirki wagtda bolsa ýazgylar Gyrgyzystanda geçirilýär.

“Azerbaýjanfilm” kinostudiýasynyň Köpçülik bilen aragatnaşyk we marketing boýunça bölüminiň müdiri Ramil Gurbanyň aýtmagyna görä, filimi düşürmegiň indiki tapgyry Türkiýede, Gazagystanda we Özbegistanda geçiriler. Taslamanyň esasy maksaty umumy medeniýet we agzybirlik düşünjesi arkaly türki dilli ýurtlaryň ýakynlaşmagyndan ybaratdyr. Filmiň režissýory we awtory halk artisti Wagif Mustafaýew bolup, ol Azerbaýjandaky böleginiň düşürilmegi aprel aýyna meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Taslama diňe bir türki dilli halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmekden ybarat däl-de, eýsem bilelikdäki medeni mirasyň wajyplygyny açyp görkezmäge gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026