Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

BSG-na taýýarlyk: Türkmenistanda maliýe hyzmatlary bazaryna giriş meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Ýanwar 30, 2025 | 23:55 |6087
30-njy ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde maliýe hyzmatlary bazaryna girmek baradaky borçnamalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça webinar geçirdi. Bu çäre, BMGÖM-iň bilelikdäki dowam edýän “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, III tapgyr” taslamasynyň çäginde gurnaldy30-njy ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde maliýe hyzmatlary bazaryna girmek baradaky borçnamalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça webinar geçirdi. Bu çäre, BMGÖM-iň bilelikdäki dowam edýän “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, III tapgyr” taslamasynyň çäginde gurnaldy
Çeşme: gettyimages.com

30-njy ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde maliýe hyzmatlary bazaryna girmek baradaky borçnamalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça webinar geçirdi. Bu çäre, BMGÖM-iň bilelikdäki dowam edýän “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, III tapgyr” taslamasynyň çäginde gurnaldy.

Webinar, hyzmatlaryň halkara söwdasyny düzgünleşdirýän köptaraplaýyn düzgünler, şeýle hem dowam edýän ykdysady özgertmeler şertlerinde Türkmenistanda maliýe hyzmatlaryny kadalaşdyrmak çemeleşmeleri barada umumy maglumat berdi. Gatnaşanlar BSG-niň maliýe hyzmatlary ulgamyna girmegiň şertleri, hususan-da häzirki we geljekki milli düzgünleri BSG-niň resminamalarynda nädip görkezmelidigi barada öňümizdäki gepleşiklere nähili taýýarlanmalydygy barada tanyşdylar.

“Maliýe ulgamynyň işjeňligi ykdysady ösüş üçin strategiki ähmiýete eýedir we BSG-e agza bolmagy bilen bagly işiň çäginde Türkmenistanyň maliýe hyzmatlary bazaryna goşulmakda milli bähbitlerini kesgitlemek gaty möhümdir” – diýip, BMGÖM-iň halkara bilermeni Maksim Medwedkow belledi.

Webinar Türkmenistanyň Hökümetiniň şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýagny Mejlisiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Merkezi bankyň şeýle hem beýleki döwlet gurluşlarynyň we huhusy pudagyň 30 gowrak wekillerini bir ýere jemledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026