

Türkmenistanyň Ýerewandaky Ilçisi Ermenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Penşenbe güni Türkmenistanyň Ýerewandaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan tarapyndan kabul edildi


Penşenbe güni Türkmenistanyň Ýerewandaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan tarapyndan kabul edildi


Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky syýahat ýa-da iş saparyny amala aşyrýan «MasterСard Gold» we «MasterСard Business» kartlarynyň eýeleri üçin täze hyzmatyň girizilendigini habar berýär.


4-nji aprelde Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgüniñ sahnasynda meşhur nemes aýdymçysy we aktýor zenany Katarin Merlingiñ konserti geçiriler.


Magtymguly adyndaky TDU bilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan 2025-nji - “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” (“Туркменистан – Родина мира и доверия”) atly rus dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşigiň gecirilýändigi habar berilýär


Talyp ýaşlaryň öwrenen nazary we amaly bilimlerini döredijilikli kämilleşdirmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine sagat 13:00-da Mary welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça ders bäsleşigi geçirilýär


2025-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçiriler.


Şu ýylyň 17 — 19-njy mart aralygynda sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçiriler.


Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi baradaky teklibini makullady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär.


Apple kompaniýasy Air Pods nauşnikleri üçin möhüm täzeleniş taýýarlaýar. Olar beýleki dillere sinhron terjime funksiýasyny öz içine alar.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Awtomobil ulag hyzmaty” AGPJ-si “Awtokombinat-Türkmeniň ak öýi” ugry boýunça täze №72 awtobusyň girizilendigi barada habar berýär.


14-nji martda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himýa önümleri ýerlenildi.


Moda görkezilişinde Italiýanyň, Marokko Patyşalygynyň, Fransiýanyň, Oman Soltanlygynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary moda söýüjilere hödürleniler.


Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin ş.) ýokary hünär bilimini almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär.


14-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerler gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler