

Türkmenistan-ABŞ: bilim wekilleriniň saparlary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
18-28-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýarlar


18-28-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýarlar


Microsoft Windows 11-iň taryhyndaky iň uly täzelenmesini döredip, ony Copilot AI kömekçisi bilen birleşdirdi.


Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Döwlet gidrometeorologiýa gullugynyň habar bermegine görä, şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda az-kem bulutly howa saklanyp, biraz ýagşyň ýagmagy mümkin. Orta güýçli we sergin şemal bolup, bu hem açyk howada gezelenç we dynç almak üçin amatly şertler döreder.


Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 48 geleşik hasaba alyndy.


Apple kompaniýasynyň esaslandyryjysy we tehnologiýalar taryhyndaky iň täsirli innowatorlaryň biri bolan Stiw Jobsyň hormatyna ABŞ-da 2026-njy ýylda 1 dollarlyk ýadygärlik şaýy pullary çykarylar.


Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ýekşenbe güni “Ýyldyz” myhmanhanasynda Hindistanyň “Ýagtylyk baýramy” – Diwali mynasybetli dabaraly kabul edişligi geçirdi. Reňkleriň baýlygy, aýdym-saz we çuňňur many bilen bezelen bu çäre iki dostlukly ýurduň arasyndaky berk medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi


Türkmenistanda dowamly dem alyş keselleriniň (astma we HOÖD – dowamly obstruktiw öýken keseli) anyklanyşynyň we bejerilişiniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Tehniki missiýasy öz işini tamamlady


8-nji synp okuwçylary üçin “Geometriýa” hem-de “Ýapon dili” boýunça täze okuw kitaplarynyň neşir edilmegi — ýurdumyzda sanlylaşdyrmak we bilim usulyýetini kämilleşdirmek boýunça döwlet konsepsiýalarynyň durmuşa geçirilýändiginiň netijesidir


Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli teatrlarynyň sahnalarynda «Hemişelik bitaraplyk – dost-doganlygyň binýady» atly Teatr hepdeligi geçiriler. Bu giň gerimli medeni çärä görülýän taýýarlyk barada 17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa hasabat berdi


Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleriniň çäklerinde Arkadag şäheriniň Lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. Bu iri işewürlik çäresine görülýän taýýarlyk we onuň maksatnamasy barada 17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow 22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2025» atly XXX halkara maslahata we sergä taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi


1-nji noýabrda, milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli, Aşgabatda ylmy-amaly masahat geçiriler. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hasabat berdi


Oktýabryň 17-sine geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa ýokary hünär bilimini 2026–2052-nji ýyllar üçin ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny Prezident Serdar Berdimuhamedowa tassyklamak üçin hödürledi


Oktýabryň 17-si, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 16-njy oktýabrda geçirilen «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň 4-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi


Oktýabryň 17-si, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasyndaky türkmen diplomatiýasynyň uly üstünligi barada habar berdi