HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-da Stiw Jobsyň hormatyna ýadygärlik şaýy pullary çykarylar

Oktýabr 20, 2025 | 11:15 |13929
Apple kompaniýasynyň esaslandyryjysy we tehnologiýalar taryhyndaky iň täsirli innowatorlaryň biri bolan Stiw Jobsyň hormatyna ABŞ-da 2026-njy ýylda 1 dollarlyk ýadygärlik şaýy pullary çykarylar.Apple kompaniýasynyň esaslandyryjysy we tehnologiýalar taryhyndaky iň täsirli innowatorlaryň biri bolan Stiw Jobsyň hormatyna ABŞ-da 2026-njy ýylda 1 dollarlyk ýadygärlik şaýy pullary çykarylar.
Çeşme: gsmarena.com

Apple kompaniýasynyň esaslandyryjysy we tehnologiýalar taryhyndaky iň täsirli innowatorlaryň biri bolan Stiw Jobsyň hormatyna ABŞ-da 2026-njy ýylda 1 dollarlyk ýadygärlik şaýy pullary çykarylar. Bu çözgüt onuň 2011-nji ýylda aradan çykanyna 15 ýyl dolandan soň kabul edildi.

Şaýy puly jemgyýetiň ösmegine uly goşant goşan şahslara we wakalara bagyşlanan ýyllyk maksatnamanyň çäklerinde ABŞ-nyň Şaýy puly kärhanasy tarapyndan taýýarlanar. Onda Kaliforniýa jülgesinde oturan ýaş Stiw Jobsyň şekili ýerleşdiriler — şol ştatda ol dünýä inip, Apple kompaniýasyny esaslandyryp, öz ömrüni geçirdi.

Ýadygärlik şaýy pullarynyň çykarylyş maksatnamasy 2018-nji ýyldan bäri hereket edýär. 2026-njy ýylda Stiw Jobs bilen birlikde şeýle hormata mynasyp bolanlar — däne ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak usullaryny işläp taýýarlan alym Norman Borloug hem-de Cray-1 superkompýuteriniň döredijiler topary bolar.

Stiw Jobs 1976-njy ýylda Stiw Woznýak we Ronald Ueýn bilen bilelikde Apple kompaniýasyny esaslandyrdy. Onuň ýolbaşçylygynda dünýäde uly täsir döreden iPhone, iPad we Mac ýaly enjamlaryň peýda bolmagy, şahsy tehnologiýalar barada düşünjäni düýpgöter üýtgetdi we sanly senagatyň ösmegine dünýä derejesinde täsir etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Sadyr Žaparow Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Sadyr Žaparow Awazada gepleşikleri geçirdiler

18:42 Oktýabr 09, 2026
Awazada Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Awazada Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

18:41 Oktýabr 09, 2026