HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» forumynyň gün tertibinde energetika geçişi we gazyň eksporty

Oktýabr 18, 2025 | 03:00 |16183
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow 22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2025» atly XXX halkara maslahata we sergä taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdiMinistrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow 22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2025» atly XXX halkara maslahata we sergä taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi
Çeşme: orient.tm

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow 22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2025» atly XXX halkara maslahata we sergä taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Häzirki wagta çenli bu çärä gatnaşmak üçin 70-den gowrak daşary ýurt kompaniýasy, 30-a golaý ýerli kärhana we hususy telekeçi, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary hasaba alyndy. Pudaklaýyn maslahata gatnaşyjylarynyň umumy sany takmynan 1390 adama barabar bolar diýip garaşylýar.

Forumyň plenar sessiýalary dünýä we sebitleýin derejedäki iň häzirki zaman meselelerine gönükdiriler. Olaryň biri «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ählumumy energiýanyň geljegini emele getirmek — innowasiýalar, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk» atly tema bilen geçiriler. Munuň özi Türkmenistanyň energetika syýasatynyň onuň hemişelik bitaraplyk derejesi we ählumumy ekologiýa gün tertibi bilen baglydygyny görkezýär.

Ikinji esasy sessiýa bolsa «Türkmen tebigy gazynyň ösýän orny: eksportyň giňeldilmegi we energetika geçişine goşant» diýen temada geçiriler.

Mundan başga-da, nebitgaz pudagynyň ösüşiniň beýleki möhüm ugurlaryna bagyşlanan tematiki maslahatlar we duşuşyklar hem meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026