HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy hökmünde kabul edildi

Oktýabr 17, 2025 | 23:35 |18029
Oktýabryň 17-si, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasyndaky türkmen diplomatiýasynyň uly üstünligi barada habar berdiOktýabryň 17-si, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasyndaky türkmen diplomatiýasynyň uly üstünligi barada habar berdi
Çeşme: iStock

Oktýabryň 17-si, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasyndaky türkmen diplomatiýasynyň uly üstünligi barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň (LLDC3) netijeleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy halkara derejesinde iň ýokary derejeli ykrar edilmegine eýe boldy.

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Bu ädim şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen LLDC3 Forumynyň ägirt uly syýasy ähmiýetini tassyklaýar. Awazadaky foruma 104 döwletiň we 46 halkara guramanyň wekiliýetleri gatnaşdy.

Häzirki wagtda BMG-niň Kararnamasy derejesine eýe bolan Jarnamada ylmyň, bilimiň we innowasiýalaryň ösdürilmegi, durnukly infrastruktura we halkara söwda ulgamynyň döredilmegi, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ýaly ejiz ýurtlaryň ösüşi bilen bagly giň ugurlary öz içine alýan çözgütler berkidildi.

Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge we dünýä jemgyýetçiliginde durnukly ösüş gün tertibini öňe sürmäge goşan möhüm goşandy boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026