

Täze ýylyň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy 110 ýaşyny belledi
Täze ýylyň öň ýanynda Akdepe etrabynyň Daýhan obasynyň ýaşaýjysy Nowar Gylyjowa seýrek duş gelýän ýubileýi — 110 ýaşyny — belledi. Uzak ömürli zenan doglan gününi çagalarynyň, agtyklarynyň, çowluklarynyň hem-de obadaşlarynyň arasynda, mähirli maşgala gurşawynda garşylady. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, dogduk obasynda ol uly we agzybir maşgalanyň daýanjy hasaplanýar



















