Aşgabatda Täze ýylyň ilkinji bäbegini gutladylar


Aşgabat, 1-nji ýanwar | ORIENT. 2026-njy ýylyň ilkinji pursatlarynda paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze doglan bäbegiň ilkinji sesi ýaňlandy. Gaýypowlaryň maşgalasy üçin Täze ýyl goşa baýramçylyga öwrüldi — hut olaryň täze doglan bäbek ogly ganatly bedewler ýylynyň ilkinji çagasy boldy.
Ata-enesi ilkinji perzendine çuňňur manyly at dakdylar — Atamyrat. Türkmen däbinde bu at güýçli ruhy kuwwaty özünde jemleýär we 2026-njy ýylda aýratyn mana eýe bolýar.
Adyň düzümi iki kökden ybarat: «At» (bedew) we «Myrat» (maksat, arzuw). Göni manyda bu «bedewiň bady bilen ýetilen maksat» ýa-da «arzuwy amala aşyrmaga bolan ymtylyş» diýmegi aňladýar. «Bedew batly at-myrady» ýylynda Atamyrat ady güýçli depginli, asylly we üstünlige gönükdirilen milli ruhuň janly beýany hökmünde ýaňlanýar.
Asylly däbe görä, bagtly Gaýypowlar maşgalasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan gutlaglary we sowgatlary kabul etdi.
Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy täze doglan bäbegiň ilkinji günleri üçin zerur bolan ähli zatlary gowşurdy.
Merkeziň lukmanlarynyň habar bermegine görä, kiçijek Atamyradyň we onuň ejesiniň ýagdaýy durnukly, bäbek özüni örän gowy duýýar. Täze doglan bäbejigiň ata-enesi bolsa döwrebap Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri hem-de olaryň saglygyna aýratyn üns berilmegi ýaly ýurdumyzda döredilen şertleriň netijesinde täze durmuşy parahatçylyk we howpsuzlyk ýagdaýynda garşy almak mümkinçiligi üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirýärler.








