HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE-de şu ýyldan başlap ýaşaýyş jaýlarynyň kireýine tölegini aýma-aý geçirmek meýilleşdirilýär

Ýanwar 02, 2026 | 13:10 |5431
В Объединённых Арабских Эмиратах с 2026 года ожидается внедрение новой модели аренды жилой недвижимости, предусматривающей помесячную оплату вместо традиционных годовых чековВ Объединённых Арабских Эмиратах с 2026 года ожидается внедрение новой модели аренды жилой недвижимости, предусматривающей помесячную оплату вместо традиционных годовых чеков
Çeşme: ukrpersonal.com

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýyldan başlap ýaşaýyş jaýlaryny kireýine almakda täze töleg nusgasynyň ornaşdyrylmagyna garaşylýar. Ol däp bolan ýyllyk çekler arkaly tölegiň ýerine aýma-aý töleg ulgamyny göz öňünde tutýar. Bu täzelik kireý gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek we ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini ýerli ýaşaýjylar hem-de daşary ýurtlylar üçin artdyrmak boýunça möhüm ädimleriň biri bolar.

Meýilleşdirilýän üýtgetmelere laýyklykda, kireý tölegleri direct debit ulgamy we sanly töleg platformalary arkaly amala aşyrylar. Bu bolsa tölegleriň awtomatlaşdyrylmagyna, hasaplaşyklaryň aç-açan bolmagyna we kagyz çekleriň ulanylyşynyň azaldylmagyna mümkinçilik berer. Şeýle çemeleşme töleglere gözegçiligi ýeňilleşdirer we şertnamanyň iki tarapy üçin töwekgelçilikleri peselder.

Bilermenleriň bellemegine görä, aýma-aý töleg ulgamyna geçilmegi kireýçilere düşýän bir gezeklik maliýe agramyny ep-esli derejede azaldar, býujeti meýilleşdirmegi aňsatlaşdyrar we göçmegi ilatyň giň gatlaklary üçin has elýeterli eder. Bu täzelik aýratyn-da gysga ýa-da orta möhletleýin ýaşaýyş jaýyny kireýine alýanlar üçin örän möhümdir.

Gozgalmaýan emläk boýunça dünýäniň öňdebaryjy merkezleriniň biri bolan Dubaý sanly çözgütleri we ýyllyk berk borçnamalaryň ýerine has çeýe kireý nusgalaryny ornaşdyrmak arkaly täze ugurlary kesgitlemegini dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde hünärmenler mümkin bolan töwekgelçiliklerden we gizlin şertlerden gaça durmak üçin şertnamalary diňe resmi agentlikler arkaly baglaşmagy maslahat berýärler.

Hususan-da, USP Real Estate kompaniýasy täze modeliň çäginde işlemäge taýýardygyny, bir aýdan başlap kanuny kireýi, aç-açan şertnamalary we müşderilere doly hyzmatlary — emlägi saýlap almakdan başlap göçüp girmäge çenli ähli tapgyrlarda goldaw berýändigini habar berýär.

Tel. +971528383293.

Instagram @usp_ae.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026