Döwletliler köşgündäki baýramçylyk: Döredijilik, sowgatlar we uly durmuşa başlamak


Aşgabat, 1-nji ýanwar | ORIENT. Döwletliler köşgünde mähirli Täze ýyl baýramçylygy geçirildi. Bu özboluşly “çagalaryň şäherjiginde” terbiýelenýänler üçin baýramçylyk diňe bir sowgat almagyň wagty däl-de, eýsem halkara festiwallarynda hem eýýäm meşhurlyk gazanan öz zehinlerini görkezmek üçin mümkinçilik boldy.
Baýramçylygyň geçirilýän ýeriniň bezeginde ulanylan serişdeleriň aglabasyny çagalaryň öz elleri bilen taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Aýazbabadyr Garpamyk, ýetip gelen 2026-njy ýylyň nyşany – bedew atyň lybasyndaky çagalar hakyky konserti guradylar: joşgunly tanslardan goşgy okaýyşlaryna çenli.
Baýramçylygyň esasy pursaty Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy boldy. Adaty süýjüliklerden we ter miwelerden başga-da, çagalar täze bilimleri özleşdirmek üçin interaktiw okuw serişdeleri, şeýle hem terbiýelenýänlere sungat ýoluny dowam etdirmäge ýardam etjek saz gurallaryny aldylar.
“Döwletliler köşgi” — diňe bir bilim merkezi bolman, eýsem ondan hem has uly ähmiýete eýedir. Döwletiň hemaýatyndaky çagalar üçin bu Köşk hakyky öýe öwrüldi. Bu ýerde olar diňe bir mekdep maksatnamasyny özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem uly durmuşa ynamly gadam basmaga taýýarlanyp, ilkinji hünär başarnyklaryny ele alýarlar, sport bilen meşgullanýarlar we döredijilik gurnaklaryna gatnaşýarlar. Şu günki baýramçylyk bolsa, döwletiň olar üçin üstünlikli başlangyçlary amala aşyrmaga ähli şertleri döredýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy.








