

Türkmenistan Hytaýa 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 9,2 milliard dollarlyk tebigy gaz iberdi
Türkmenistan turbageçiriji arkaly Hytaýa tebigy gaz iberýän döwletleriň arasynda birinji orny eýelemegini dowam etdirýär.


Türkmenistan turbageçiriji arkaly Hytaýa tebigy gaz iberýän döwletleriň arasynda birinji orny eýelemegini dowam etdirýär.


Hazar deňziniň suw bioserişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly ulanmak hem-de olary bilelikde dolandyrmak boýunça Komissiýasy 2023-nji ýylda balyklaryň bekre görnüşlerini täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygyň uzaldylmagyny hem-de bekreleriň ätiýaçlygyny täzeden dikeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýar. 2023-nji ýylda bekre balyklarynyň diňe ylmy-barlag maksady we emeli köpeltmek maksady bilen tutulmagy meýilleşdirilýär.


“Energetika bazarynyň ösüşi üçin uzak möhletli çaklamalaryň anyksyzlygynda dünýäniň energiýa balansynda tebigy gazyň eýeleýän ornunyň artmagy dowam edýär. 2040-njy ýyla çenli onuň sarp edilişiniň 2021-nji ýyldaky derejeden takmynan 20% geçmegine garaşylýar”. Bu barada sişenbe güni “Gazpromyň” neşir edilen metbugat beýanatynda aýdylýar.


– Owganystanyň hökümeti bahasy 5 milliard dollarlyk Transowgan demirýol taslamasyny işläp düzmek işiniň tamamlanandygyny mälim etdi – diýip, Tolo News teleýaýlymy, Owganystanyň demirýol müdirligine salgylanmak bilen habar berýär.


20-nji dekabrda dört oýnuň geçirilmegi bilen futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji, 28-nji tapgyry tamamlandy.


Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) ýubileý sammiti 2023-nji ýylda Gazagystanda geçiriler diýip, ýurduň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň metbugat-gullugy habar berýär.


1-nji fewraldan Türkmenistanyň raýatlary üçin "Türkmenistan" awiakompaniýasy aşakdaky halkara ugurlarda bilet bahalaryny 30% arzanladýar: Aşgabat - Dubaý, Aşgabat - Kazan, Aşgabat - Moskwa we Aşgabat - Stambul.


Türkmenistan ilatyň we ýaşaýyş gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerini halkara kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda çap etmek boýunça bilermenleriň tekliplerini öwrenmäge taýýardyr.


Innopolis uniwersitetinde işlenip düzülen urganly gurluşykçy-robot Türkmenistanda we Ýewraziýanyň patent konwensiýasynyň ýene-de 7 ýurdunda patent aldy – diýip, TASS habar berýär.


2030-njy ýyla çenli biodürlüligi goramagyň bütindünýä ylalaşygyna biodürlülik hakynda Konwensiýa gatnaşyjylar bilen Kanadanyň Monreal şäherinde geçen XV Maslahatyň jemleri boýunça gol çekildi– diýip, China Daily habar berýär. Ol dört ýyllap ara alyp maslahatlaşmadan soňra we iki hepde dowam eden çekeleşikli gepleşikleriň netijesinde kabul edildi.


Kanadanyň Monreal uniwersitetiniň astronomlary Kepler-138 gyzyl karligiň töwereginde “suw dünýäleri” bolan iki sany planetanyň aýlanýandygyny subut etdiler. Alymlaryň makalasy “Nature Astronomy” žurnalynda çap edildi.


Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Seýit Jemaleddin” gadymy toplumynyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň käbirlerini dikeltmek boýunça işler tamamlanyp barýar – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine ýörite ylmy-dikeldiş işleriniň ussahanasynda habar berdiler.


Aşgabatda işe täze kabul edilen durmuş ulgamynyň işgärleri we Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuşy taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri üçin durmuş işleriniň esaslary boýunça okuw sessiýalarynyň birnäçe tapgyry başlandy.


Ilkinji Merkezi Aziýa mediaforumy Astanada 20-21-nji dekabrda geçirilýär – diýip, Kazinform gullugy habar berýär. Çäräniň maksady – Merkezi Aziýada ýeke-täk media giňişligini döretmäge goldaw bermekdir.


Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Aşgabatda türkmen startaplarynyň (täze işe başlaýan telekeçileriň) wekilleriniň gatnaşmagynda, şeýle hem mümkin bolan maýa goýumçylar üçin çäreler toplumynyň çäklerinde wençur maýa goýumyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi.