

Fransiýada dünýädäki iň garry adam aradan çykdy
Fransuz monah zenan Lýusil Randon - dünýädäki iň garry adam - 118 ýaşynda Tulonda aradan çykdy. Bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri «Frans-Presse» salgylanyp, habar berýärler.


Fransuz monah zenan Lýusil Randon - dünýädäki iň garry adam - 118 ýaşynda Tulonda aradan çykdy. Bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri «Frans-Presse» salgylanyp, habar berýärler.


Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky patriarhal ybadathanalarynyň dolandyryjysy arhiýepiskop Feofilakt bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýewropa ministrliginiň we Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry 16-17-nji ýanwarda Aşgabatda geçirildi.


Ynsanperwerlik guramalarynyň üçüsi talybanlaryň owgan aýal-gyzlarynyň saglyk pudagynda işlemegini dowam etdirip biljekdigi baradaky ynandyrmalaryndan soňra Owganystandaky alyp barýan işlerini bölekleýin dikeltdiler.


Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda ýurdumyza meýilleşdirilýän saparyna aýratyn üns berdiler. Bu saparyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikler, resminamalaryň birnäçesine gol çekmek, iri işewürler forumyny hem-de köpsanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.


Diplomlary Türkmenistanda ykrar ediljek daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň täze sanawyna bütin dünýäden ýokary okuw mekdepleriniň 1500-den gowragy girdi. Täze okuw ýyly üçin daşary ýurt uniwersitetleriniň hem-de institutlarynyň täzelenen **[sanawyny](https://education.gov.tm/uploads/documents/4OUhkYGJBw5PkAGf.pdf)** Türkmenistanyň Bilim ministrligi tassyklap, öz saýtynda ýerleşdirdi.


Amerikan startapy SpoonTEK adamyň tagam duýujy reseptorlaryny elektrik usuly bilen täsir edýän çemçäni işläp düzdi. Oýlap tapyş duzuň we beýleki tagam beriji goşundylaryň sarp edilişini kemeltmäge mümkinçilik berýär. Çemçe eýýäm satuwa çykaryldy – diýip, Techcult.ru. habar berýär.


Türkmenistanyň parlamentiniň (Mejlisiň) 26-njy marta meýilleşdirilen deputatlarynyň saýlawlarynyň saýlaw okruglarynyň atlary we araçäkleri belli boldy. Degişli maglumat şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.


Türkmen Döwlet ykdysadyýet we ösüş instituty we Ermenistanyň döwlet ykdysadyýet uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekmegi meýilleşdirýärler.


«Pari Sen-Žermen» özüniň Er-Riýada bolan saparynyň dowamynda «Al-Nasr» we «Al-Hilal» saud klublarynyň bilelikdäki topary bilen geçirjek oýnundan €10 milliondan gowrak gazanar – diýip, Metaraitings habar berýär.


2022-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň üstünden daşalýan üstaşyr ýükleriň göwrümi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,5 esse artdy – diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.


Türkmenistanyň paýtagtynda sebitleýin «Sütem etmezlik kubogy» (Non-Violence Cup) ugrundaky çekeleşikli bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi, ol her ýyldaky «Gender sütemine garşy işjeň hereketleriň 16 güni» bütindünýä kampaniýasynyň çäklerinde geçirilýär.


4 döwletiň - Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda täze multimodal ulag geçelgesiniň döredilmegi Russiýanyň Astrahan şäherinde bu döwletleriň wekilleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşiklere Türkmenistandan "Türkmendenizderyayollary" agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow gatnaşdy.


2023-nji ýylyň 1-nji fewraldan Russiýadan – Moskwa we Kazan şäherlerinden gelýän “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonup başlar. Bu barada paýtagtyň sorag-jogap gullugy habar berýär.


Soňky 60 ýylyň dowamynda Hytaýyň ilaty ilkinji gezek azaldy – diýip, China daily HHR-nyň Milli statistika býurosynyň hasabatyna salgylanyp, habar berýär. 2022-nji ýylda Hytaýyň ilatynyň umumy sany ýyl hasabynda 850 müň adam azalyp 1,4118 milliard adama deň boldy.