HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Ýanwar 18, 2023 | 02:35 |6205
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň şu ýylyň 
19-20-nji ýanwarynda ýurdumyza meýilleşdirilýän saparyna aýratyn üns berdiler. Bu saparyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikler, resminamalaryň birnäçesine gol çekmek, iri işewürler forumyny hem-de köpsanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň şu ýylyň 
19-20-nji ýanwarynda ýurdumyza meýilleşdirilýän saparyna aýratyn üns berdiler. Bu saparyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikler, resminamalaryň birnäçesine gol çekmek, iri işewürler forumyny hem-de köpsanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.
Çeşme: Watan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Bu hyzmatdaşlyk bolsa umumy bähbitlere laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik köpugurly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunda netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek arkaly amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda ýurdumyza meýilleşdirilýän saparyna aýratyn üns berdiler. Bu saparyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikler, resminamalaryň birnäçesine gol çekmek, iri işewürler forumyny hem-de köpsanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Wladimir Putin iki ýurduň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny ýene-de bir gezek tassyklap, birek-birege hem-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026