Ynsanperwerlik guramalarynyň üçüsi Owganystandaky alyp barýan işlerini bölekleýin dikeltdiler


Ynsanperwerlik guramalarynyň üçüsi talybanlaryň owgan aýal-gyzlarynyň saglyk pudagynda işlemegini dowam etdirip biljekdigi baradaky ynandyrmalaryndan soňra Owganystandaky alyp barýan işlerini bölekleýin dikeltdiler.
Gürrüň dekabr aýynyň ahyrynda Owganystandaky işini togtatan CARE, Save the Children, и International Rescue Committee (IRC) guramalary barada barýar.
Save the Children guramasy öz beýanatynda "degişli edaralardan aýal işgärlerimiziň howpsuz we päsgelçiliksiz işläp biljekdigi barada anyk we ygtybarly kepilliklerden" soň guramanyň Owganystandaky alyp barýan işiniň belli bir bölegini dikeldip, hususan-da saglyk we bilim ugurlarynda käbir işlerine täzeden başlaýandygyny belleýär.
“France-Presse” agentliginiň habaryna görä, IRC we CARE guramalary-da aýal işgärleriň gatnaşmagynda saglyk pudagynda işleriň gaýtadan dikeldiljekdigini tassykladylar.
Ozal Owganystanyň Ykdysadyýet ministrliginiň metbugat sekretary Abdul Rahim Habib aýallaryň Owganystandaky saglyk pudagynda iş orunlaryny saklamalydygyny aýdypdy.
ORIENT news








