Aşgabatda «Sütem etmezlik kubogy» ugrundaky çekeleşikli bäsleşigiň milli tapgyry geçirildi


Türkmenistanyň paýtagtynda sebitleýin «Sütem etmezlik kubogy» (Non-Violence Cup) ugrundaky çekeleşikli bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi, ol her ýyldaky «Gender sütemine garşy işjeň hereketleriň 16 güni» bütindünýä kampaniýasynyň çäklerinde geçirilýär.
Bäsleşigiň milli tapgyrynda ýaş mugallymlar we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Olar gender sütemi meselelerini, bu meseläni düýbünden ýok etmegiň çärelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çekeleşikleriň netijesinde saýlanan 8 sany gatnaşyjy bäsleşigiň sebitleýin tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar, ol Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň wekilleriniň arasynda onlaýn formatda geçer.
Çekeleşiklerde iň gowulary diýlip D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary Maksat Bugraýew, Agagül Amirkulowa, Fatima Matanowa, Aýgül Berdigylyjowa, şol ýokary okuw jaýynyň talyplary Nurýagdy Mollaberdiýew we Döwlet Ahmedow, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Şabibi Bäşimowa we paýtagtyň 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Mahym Ýagdyýewa ykrar edildi.
Olar çekeleşikler boýunça dünýä bäsleşiklerinde ulanylýan spiker ballarynyň Tallin şkalasynyň esasynda saýlanyp alyndylar.
ORIENT habarlar








