

Pars aýlagynyň öňdebaryjy awiakompaniýalary howada agyz açary teklip edýärler
Pars aýlagynyň Emirates, Etihad we Qatar Airways ýaly öňdebaryjy awiakompaniýalary mukaddes Oraza aýynyň dowamynda uçaryň bortunda agyz açary hödürleýärler.


Pars aýlagynyň Emirates, Etihad we Qatar Airways ýaly öňdebaryjy awiakompaniýalary mukaddes Oraza aýynyň dowamynda uçaryň bortunda agyz açary hödürleýärler.


Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan Hazaryň töwereginden aýlanyp geçýän trassanyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekip bilerler - diýip, RF-nyň premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin RIA Nowosti agentligine gürrüň berdi.


Hytaýdaky daşary ýurtly alymlaryň arasynda telekeçilik ugry boýunça 9-njy bäsleşige ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlandy – diýip, China daily habar berýär.


Tatarystanda türkmenistanly talyplaryň we türkmen diasporasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Nowruz gününi giňden bellediler – diýip, Türkmenistanyň Kazandaky baş konsullygy habar berýär.


TURKSOY guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli agza ýurtlarda geçiriljek dürli çäreler maksatnamasynyň çäklerinde guramanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Duşuşykda Türkmenistan bilen TURKSOY guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary nukdaýnazaryndan, 30-ýyllyga bagyşlanan maslahatlaryň tertibine, olaryň tematiki taraplaryna garaldy.


Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Kendzi Ýamada we Türkmenistanyň Tokiodaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow penşenbe güni geçirilen duşuşykda, özara gatnaşyklaryň toplanan tejribesini we häzirki ýagdaýyny göz öňünde tutmak arkaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi duşuşygyň başynda ministre ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.


Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini iberdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.


Argentina Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýn Argentinanyň lideri Alberto Fernandesiň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen ynanç hatlaryny penşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa gowşurdy.


Türkmenistan 22-nji martdan 26-njy mart aralygynda Belarussiýanyň paýtagtynda "Serhetsiz kitaplar dünýäsi" şygary bilen geçirilýän XXX Minsk halkara kitap ýarmarkasyna gatnaşýar.


Ilçi Sapar Pälwanow Lýuksemburgly Gersog Anra şahsyýetnamasyny gowşurdy. Gowşurylyş dabarasy beýik Gersoglaryň köşgünde Palais Grand-Dukalda geçirildi.


Türkmenistan, Türkmenbaşydaky deňiz portunyň terminallaryny ynamdar dolandyryşa geçirmek mümkinçliklerini gözden geçirýär. Bu mowzuk Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «KPMG Tax and Advisory LLC» halkara kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn-duşuşykda ara alyp maslahatlaşyldy, – diýip Suw ulaglary agentliginiň resmi saýtynda çap edilen habarda aýdylýar.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde «Gender-gönükdirilen çemeleşmäniň saglygy goraýyş ulgamyndaky taslamalara birikdirmek» neşirini taýýarlady – diýlip, BMGÖM-nyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.


Parižde 2024-nji ýylda boljak Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti fransuzlary, şeýle hem daşary ýurtlylary ýaryşlarda meýletinçi bolmaklyga çagyrýar.


Duşenbe güni, 20-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $15,8 mln amerikan dollaryna deň bolan 12 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.