HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tatarystanda türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda Nowruz baýramy giňden bellendi

Mart 24, 2023 | 10:24 |7234
Tatarystanda türkmenistanly talyplaryň we türkmen diasporasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Nowruz gününi giňden bellediler – diýip, Türkmenistanyň Kazandaky baş konsullygy habar berýär.Tatarystanda türkmenistanly talyplaryň we türkmen diasporasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Nowruz gününi giňden bellediler – diýip, Türkmenistanyň Kazandaky baş konsullygy habar berýär.
Çeşme: kazan.tmconsulate.gov.tm

Tatarystanda türkmenistanly talyplaryň we türkmen diasporasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Nowruz gününi giňden bellediler – diýip, Türkmenistanyň Kazandaky baş konsullygy habar berýär.

Baýramçylyk çäreleriniň biri Kazandaky aýlawyň çäginde dürli halklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, şol sanda türkmen diasporasynyň gatnaşmagynda gurnaldy.

Myhmanlar üçin dürli halklaryň medeniýetiniň aýratynlyklary, olaryň däpleri we dessurlary bilen tanyşdyrýan sergi açyldy. Öz gezeginde, Tatarystan Respublikasynyň türkmenleriniň Milli-medeni awtonomiýasy türkmen talyplary bilen bilelikde we Türkmenistanyň Kazandaky baş konsullygynyň goldamagynda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny, milli egin-eşiklerini we bezeg şaý-seplerini, haly önümlerini beýan edýän dürli zatlary hödürledi.

Türkmen talyplarynyň diwarlygynda şeýle hem Türkmenstanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary bilen tanyşmak mümkin boldy. Bu ýere gelen myhmanlara türkmen palawyny hödürlediler. Milli aýdymlar aýdylyp, türkmen tanslary ýerine ýetirildi.

Çäräniň çäklerinde Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. «Nowruz gözeli» bäsleşiginde türkmenistanly talyp gyz Hesel Garlyýewa ýeňiji boldy. Tatarystandaky türkmen diasporasyndan bolan ýaş gyzyň ýerine ýetirmegindäki Noý Noý atly türkmen milli aýdymy bolsa şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alyndy.

Your browser does not support HTML5 video.

Baýramçylyk çäreleri şeýle hem Kazan (Priwolžýe) federal uniwersitetiniň Filologiýa we medeniýetara kommunikasiýa institutynda, I.N. Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetinde hem geçirildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026