Gender-gönükdirilen çemeleşmäniň saglygy goraýyş pudagyna girizilmegi baradaky neşir çapdan çykdy


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde «Gender-gönükdirilen çemeleşmäniň saglygy goraýyş ulgamyndaky taslamalara birikdirmek» neşirini taýýarlady – diýlip, BMGÖM-nyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.
Üç dilde elýeterli bolan kitapçada gender-gönükdirilen çemeleşmäni saglygy goraýyşyň taslamalaryna girizmegiň ýörelgeleri, Türkmenistan tarapyndan gender deňligini üpjün etmek üçin amala aşyrylýan çäreler beýan edilýär.
Gender-gönükdirilen çemeleşmäni ähli pudaklarda ornaşdyrmak üçin Türkmenistan 2021-2025-nji ýyllar üçin gender deňligi babatynda hereketleriň Milli meýilnamasyny kabul etdi. Bulardan başga-da, saglygy goraýyş babatyndaky ösüşiň milli meýilnamalary, strategiýalar we hereketleriň pudaklar arasyndaky meýilnamasy gender deňligini gazanmak we saglyk ugrundaky adalatlygy gazanmak baradaky maksatlary göz öňünde tutup işlenip düzülýär.
Neşirde şeýle hem saglygy goraýyş pudagynda gender deňligini öňe sürmekde BMGÖM-nyň orny nygtalýar. Türkmenistandaky BMGÖM-sy 2021-2025-nji ýyllar üçin gender deňhukuklygyny üpjün etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny ýerine ýetirmekde 2022-2025-nji ýyllarda gender deňligini üpjün etmek baradaky BMGÖM-nyň strategiýasyna laýyklykda ýurduň hökümetini goldaýar.
ORIENT habarlar








