Habarlar

Ýaponiýanyň NEXI ätiýalandyryş agentligi Türkmenistanda ýerine ýetirilýän taslamalara gyzyklanma bildirýärÝaponiýanyň NEXI ätiýalandyryş agentligi Türkmenistanda ýerine ýetirilýän taslamalara gyzyklanma bildirýär

Ýaponiýanyň NEXI ätiýalandyryş agentligi Türkmenistanda ýerine ýetirilýän taslamalara gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow eksporty we maýa goýumlaryny ätiýaçlandyrmak boýunça NEXI ýapon agentliginiň baştutany Hideýuki Urata bilen gepleşikleri geçirdi, onda bu kompaniýanyň Türkmenistanda işlemek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdyldy - diýip, Tokiodaky türkmen ilçihanasynyň saýty habar berýär.

UNODC wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdiUNODC wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi

UNODC wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Neşelere we jenaýata garşy göreş müdirliginiň (UNODC) wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirmek üçin Aşgabat şäherine geldi. Duşenbe güni Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew UNODC-nyň Syýasat derňewi we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň müdiriniň orunbasary Fýodor Klimçuk we Bilelikdäki maliýeleşdiriş we hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Igor Kondratýew bilen duşuşdy.