HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tatarystan Respublikasynyň baştutany Aşgabatda Türkmenistanyň ýolbaçylary bilen duşuşdy

Aprel 05, 2023 | 05:57 |8725
Aşgabada bir günlük iş saparynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň raisi (baştutany) Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy – diýip, raisiň metbugat gullugy habar berýär.Aşgabada bir günlük iş saparynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň raisi (baştutany) Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy – diýip, raisiň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: rais.tatarstan.ru

Aşgabada bir günlük iş saparynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň raisi (baştutany) Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy – diýip, raisiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Minnihanow ýurduň wekiliýetini 18-19-njy maýda boljak «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

«Yslam dünýäsi bilen hyzmatdaşlyk hemişe Tatarystanyň daşary ykdysady we halkara işjeňliginiň öňdebaryjy ugurlarynyň biri bolupdy» – diýip, Minnihanow belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda nebiti gözlemek, gazy daşamak, energetika we ş.m. ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, şeýle hem syýahatçylyk we bilim babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Şunda Türkmenistanyň Tatarystandaky daşary ýurt talyplarynyň sany boýunça birinji ýeri eýeleýändigi bellenildi, häzir olaryň sany 6218 ýetýär.

Söhbetdeşlikden soňra Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçýän Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine bilelikde baryp gördüler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026