Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen habar beriş serişdeleriniň wekillerini howanyň üýtgemegi boýunça okuwa çagyrýarlar

Aprel 05, 2023 | 06:06 |8073
Türkmenistanda işleýän KHBS-niň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekillerini howanyň üýtgemegi boýunça Bäşinji Merkezi Aziýa maslahatynyň (ЦАКИК-2023) çäklerinde geçiriljek «Media we howanyň üýtgemegi: nazaryýet we tejribe»atly okuwa gatnaşmaga çagyrýarlar.Türkmenistanda işleýän KHBS-niň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekillerini howanyň üýtgemegi boýunça Bäşinji Merkezi Aziýa maslahatynyň (ЦАКИК-2023) çäklerinde geçiriljek «Media we howanyň üýtgemegi: nazaryýet we tejribe»atly okuwa gatnaşmaga çagyrýarlar.
Çeşme: entrepreneur.com

Türkmenistanda işleýän KHBS-niň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekillerini howanyň üýtgemegi boýunça Bäşinji Merkezi Aziýa maslahatynyň (ЦАКИК-2023) çäklerinde geçiriljek «Media we howanyň üýtgemegi: nazaryýet we tejribe»atly okuwa gatnaşmaga çagyrýarlar.

Okuw sebitdäki diňleýjiler üçin suw, energetika, azyk we ekologiki ugurlar boýunça howanyň üýtgemegi jähtinde ýokary hilli materiallary taýýarlamakda media wekilleriniň hünär taýdan ösmegine goldaw bermegi maksat edinýär.

Kursyň okuw düzüm bölegi «garyşyk öwrenmek»çemeleşmesine esaslanan we onlaýn we offlaýn bölümleri, şeýle hem halypaçylygy öz içine alýar. Onlaýn-okuw 11-12-nji maýda geçer, interaktiw işi we bilermenleriň çykyşlaryny öz içine alýan offlaýn-çäre Duşanbede 15-nji maýda bolar.

Kontenti (mazmuny) işläp düzmegiň hilini goldamak üçin halypaçylyk tutuş okuwyň dowamynda üpjün ediler, maslahata gatnaşmagyň barşynda we ol okuwtamamlanandan soň hem ýene iki hepdäniň dowamynda üpjün ediler.

Gyzyklanýan taraplar, şol sanda onlaýn-platformalar, blogerler, kontentmeýkerler okuwa gatnaşmak üçin ýüz tutmany degişli formany dolduryp, 13-nji aprele çenli tabşyryp bilerler.

Okuwa gatnaşmak üçin 20 adam saýlanyp alnar. Islendik sorag boýunça gurnaýjylar bilen şu elektron salgy arkaly habarlaşyp bolýar caccc.media2023@gmail.com.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026