

Habib Nurmagomedow sporta gaýdyp gelýär
Garyşyk göreşiň öňki rus söweşijisi Habib Nurmagomedow öz Instagramynda sporta gýdyp gelýändigini yglan etdi.


Garyşyk göreşiň öňki rus söweşijisi Habib Nurmagomedow öz Instagramynda sporta gýdyp gelýändigini yglan etdi.


Anna güni, 7-nji aprelde Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $220,7 müň amerikan dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy – diýip, OIENT-iň habarçysy habar berýär.


Arkadag şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanynda saglyk işgärleri üçin jaýlary we naharhanany gurmaklygy teklip etdi – diýip, TDH habar berýär.


Ýewropada we dünýädäki diplomatik durmuş barada jemgyýetçilik pikirini emele getirýän täsirli dünýä guramasy bolan Brýusselde ýerleşýän abraýly «Diplomatic World» žurnaly 70 ýyllyk ýubileý sanynyň ýörite bölümini Türkmenistana we onuň ykdysadyýetde, energiýada, söwdada, medeniýetde we beýleki pudaklarda gazanan üstünliklerine bagyşlady.


Her ýylyň 23-nji aprelinde Türkiýede Milli garaşsyzlyk we çagalar güni bellenip geçilýär. Ol 1920-nji ýylda Ankarada geçirilen Beýik milli ýygnagyň birinji çagyrylyşynyň işiniň başlanmagy bilen gabat gelýär.


Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasynyň (ЕЭК) ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen meýilleşdirilen çäreleriň geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy – diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.


Kazan federal uniwersitetiniň (Priwolžskiý) Ýelabuž institutynyň türkmen talyplarynyň topary Russiýanyň 2022-/2023 Talyp sport klublarynyň birleşmesiniň çempionatynyň respublika tapgyrynda ýeňiji boldy. Ýaryşlar 2023-nji ýylyň 20-nji fewralyndan 1-nji apreline çenli Tatarystandan 16 talyp toparlarynyň gatnaşmagynda geçdi.


Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri - Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi anna güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Döwlet Baştutanlary Oraza aýy mynasybetli birek-biregi gutladylar we ikitaraplaýyn gepleşik meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


2023-nji ýylda “Uly gastrollar” maksatnamasyna daşary ýurtlardaky rus teatrlarynyň 16-sy gatnaşar. Olaryň arasynda Günorta Osetiýadan, Abhaziýadan, Gazagystandan, Belarusdan, Ermenistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan döredijilik toparlary bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Alla Manilowa anna güni Rus teatrlarynyň “Russiýada duşuşyklar. Bilelikde 25 ýyl” atly halkara festiwalynyň açylyyna bagylanyp geçirilen umumy mejlisde mälim etdi. Forum 7-8-nji aprelde Sankt-Peterburgyň “Baltiýskiý dom” teatrynda geçirilýär.


XIII Ýewraziýa ykdysady ýaşlar forumy (EEYF) 24-28-nji aprelde GDA-nyň ýedi ýurdunda bir wagtda geçiriler. Ýüztutmalar 96 ýurtdan we Russiýanyň 79-dan gowrak sebitinden 11 700 bäsleşige gatnaşyjylar, myhmanlar we bilermenler tarapyndan tabşyryldy. Olar talyplar, mekdep okuwçylary we ýaş alymlar hem-de gözlegçilerdir, - diýip TASS habar berýär.


Turkish Airlines (THY) awiakompaniýasynyň halkara gatnawlarynda aprel aýyndan täze internet hyzmaty, ýagny meşhur WhatsApp, Messenger, iMessage we şuňa meňzeş goşundylar arkaly mugt habarlaşmak elýeterli bolar.


Emirlikleriň “FlyDubai” awiakompaniýasy bu ugurda ýolagçylar tarapyndan islegiň artmagy sebäpli, 17-nji aprelden başlap, BAE-den Türkmenistana gatnawlaryň sanyny köpeldýär, - diýip, Oriýent habarlar agentligine “FlyDubai” awiakompaniýasynyň Aşgabat bölüminde habar berdiler.


Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işini doly goldaýandygyny beýan edýär, BSGG-nyň ýolbaşçylaryna we işgarlerine olaryň gaýduwsyz we ýokary hünär derejesindäki işi üçin minnetdarlyk bildirýär. Aşgabat mundan beýläk hem bu gurluş bilen ýakyndan özara hyzmatdaşlyk saklar we oňa goldaw berer.


«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde «akylly şäher» we «akylly jaý» konsepsiýasyny amala aşyrmak üçin giň gerimli işleri ýerine ýetirýär – diýip, bu edarada ORIENT-e gürrüň berdiler.


Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň gümrük gulluklarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär.