HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäherinde «akylly» enjamlary maglumatlary bermegiň täze protokolynyň ulanylmagyna baglanyşdyrarlar

Aprel 07, 2023 | 17:38 |8527
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde «akylly şäher» we «akylly jaý» konsepsiýasyny amala aşyrmak üçin giň gerimli işleri ýerine ýetirýär – diýip, bu edarada ORIENT-e gürrüň berdiler.«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde «akylly şäher» we «akylly jaý» konsepsiýasyny amala aşyrmak üçin giň gerimli işleri ýerine ýetirýär – diýip, bu edarada ORIENT-e gürrüň berdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet teleradiosy

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde «akylly şäher» we «akylly jaý» konsepsiýasyny amala aşyrmak üçin giň gerimli işleri ýerine ýetirýär – diýip, bu edarada ORIENT-e gürrüň berdiler.

Şeýlelikde, agentlik şäherde «LoRaWAN» simsiz aragatnaşygyň häzirki zaman protokolynyň esasynda işleýän enjamy oturtdy. Bu tehnologiýa energiýany az sarp edýän enjamlar bilen ynamly aragatnaşygy üpjün edip bilýändigi sebäpli soňky ýyllarda giňden ýaýrady.

LoRaWAN «akylly» şäherlerde howanyň hiline, ýol hereketine we ulaglary duralgada goýmagy gözegçilik etmek üçin ulanylýar. Tehnologiýa şäherlere öz serişdelerini optimallaşdyrmaga we raýatlaryň ýaşaýyşynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. «Akylly jaýlarda» ol dürli gurluşlara monitoring etmek we olary dolandyrmak, şol sanda yşyklandyryş we ýylylyk gurluşlaryny dolandyrmak üçin ulanylýar. Tehnologiýa jaý eýelerine öz gurluşlaryny dolandyrmaga we energiýanyň sarp edilişini optimallaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

«Умные» приборы в городе Аркадаг свяжут с использованием новейшего протокола передачи данных

LoRaWAN protokoly boýunça enjamlaryň aragatnaşyk shemasy. Surat: enless-wireless.com

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «akylly jaýda» elektrik enуrgiýasynyň, gyzgyn we sowuk suwuň, şeýle hem tebigy gazyň sarp edilişine gözegçilik etmek boýunça enjamy satyn aldy. Häzirki wagtda şunuň ýaly enjamy ýurduň ähli sebitlerinde işe girizmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçmelidiris.

Şeýle hem elektrik energiýasynyň, gyzgyn we sowuk suwuň, şeýle hem gazyň sarp edilişine şäheriň dürli edaralary we guramalary tarapyndan gözegçiligi sanlylaşdyrmagyň synag işleri hem geçirilýär.

Şäheriň ýaşaýjylarynyň jemagat hyzmatlary üçin onlaýn arkaly töläp bilmekleri üçin, ýüz tutmalary goýup we ähli gerekli maglumatlary alyp bilmekleri üçin ykjam goşundy işlenip düzüler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026