

Döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň ýolbaşçysyna gynanç bildirýärler
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.


Türkmen wekiliýeti 18-19-njy aprelde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) 70-nji sessiýasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.


Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleleri boýunça orunbasary Kaň Jae Kwon öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde, şol sanda Arkadag şäheriniň gurluşygynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Bu barada diplomat anna güni Koreýanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.


Daşkentdäki mekdepleriň biriniň çäginde Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda faşistlere garşy söweşen özbegistanlylaryň hatyrasyna miweli baglar oturdylyp, memorial seýilgähi döredildi. Özbegistanda "Hakyda bagy" watançylyk çäresi ikinji gezek geçirilýär, mekdep okuwçylary, meýletinçiler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şäherde 70 düýp miweli bag ekdiler – diýip, «МИР 24» habar berýär.


Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmu şenbe güni Assam ştatynyň Tezpur howa bazasyndan Su-30 MKI kysymly söweş uçary bilen harby uçuşy amala aşyrdy. Uçuş 30 minut dowam etdi. Ol uçardan Gimalaý daglaryny gözden geçirdi – diýip, RIA Nowosti döwlet baştutanynyň sekretariatynyň maglumatlaryna salgylanyp, habar berýär.


Häzirki zaman adamyň ýaşaýşyny plastiksiz göz öňüne getirmek kyn. Tutuş ýigriminji asyra we ýigrimi birinji asyryň başyna bu maşgalanyň materiallarynyň giňden ulanylmagy sebäpli «plastik döwri» diýilýär. Plastikler hemme ýerde, oba hojalygynda, uçar önümçiliginde, ýeňil we agyr senagatda, lukmançylykda ulanylýar. Häzirki wagtda dünýä bir gezek ulanylýan agyz örtüklerini we elliklerini, lukmançylyk eşiklerini, şprisleri, gan guýma haltalaryny we şolarsyz lukmançylyk kömegini göz öňüne getirmek kyn bolan zatlary red etmäge taýýarmyka?


Türkmenistanyň Moldowadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataew anna güni Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sanduna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň syýasy gepleşikleri yzygiderli berkitmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryna ünsi çekdiler – diýip, Moldova news Noi.md habarlar portaly habar berýär.


Türkiýe Azerbaýjan bilen bilelikde umumy kompaniýa arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermegi meýilleşdirýär – diýip, ýurduň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmez mälim etdi.


20-den gowrak diplomatik missiýalaryň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri Hytaýyň Guansi welaýatyna amala aşyrylan tanyşlyk saparyna gatnaşdylar – diýip, China daily habar berýär.


Hytaýyň döwlet telekommunikasion kompaniýalary Aziýany, Ýakyn Gündogary we Ýewropany birleşdirjek suwasty optiki-süýümli internet-kabeli çekmegi meýilleşdirýärler-diýip, Reuters habar berýär.


2023-nji ýylda 10 ýurduň rus teatrlary Russiýa Federasiýasyndan maliýe goldawyny alar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Alla Manilowa anna güni “Daşary ýurt rus teatry rus medeniýetiniň bilim ojagy hökmünde” atly dördünji halkara maslahatynyň umumy mejlisinde mälim etdi.


Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde Ýeňiş gününe bagyşlap «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigini geçirer – diýip, «Nesil» gazeti habar berýär.


Test geçirmek boýunça halkara agentligi (ITA) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin dopinge garşy gurama (RADOCA) bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulýandygy baradaky ylalaşygy baglaşdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.


Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XIV tomy iňlis dilinde çykdy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.