

Türkmen köpüzlikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri žurnalistikanyň sanly trendleri bilen tanyşdylar
Türkmenistanda ÝHHG-nyň Merkezi tarapyndan gurnalan žurnalistler üçin iki günlük okuw tamamlandy.


Türkmenistanda ÝHHG-nyň Merkezi tarapyndan gurnalan žurnalistler üçin iki günlük okuw tamamlandy.


Iordaniýanyň paýtagty Ammanda şu günler mukaddes Gurhany okamak boýunça XXX Halkara bäsleşik geçirýär. Dünýäniň dürli künjeginden musulmanlaryň gyzyklanmasyna eýe bolýan bu bäsleşik Iordaniýa patyşasynyň howandarlygynda geçirilýär.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa harby-taktiki okuwlara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.


Özbegistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda goňşy Owganystanyň dördünji ministrler mejlisi penşenbe güni Samarkantda geçirildi. Gepleşiklerde Türkmen Daşary işler ministrligine ministriň orunbasary Wepa Hajyýew wekilçilik etdi, - diýip Özbegiýanyň resmi metbugaty habar berýär.


Eýran aýal-gyzlaryň bilim meselesinde Owganystana kömek bermäge taýýar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Eýranyň, Russiýanyň, Hytaýyň we Päkistanyň Samarkantda geçirilen dört taraplaýyn duşuşygynda aýtdy.


Söwda maglumatlaryna görä, dünýädäki nebitiň bahasy iki gün ýokarlanandan soň penşenbe güni peselip ugrady.


Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetine (RUDN) žurnalist işgärleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça GDA-nyň esasy guramasy derejesini bermek göz öňünde tutulýar. Bu mowzuga Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 14-nji aprelde Samarkantda geçiriljek altynjy ýygnagynda serediler. Bu baradaky maglumat Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda çap edildi.


Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen birlikde edaralary we hususy telekeçileri 24-25-nji maýda geçiriljek «Ak şäherim-Aşgabat» atly 12-nji Köpugurly halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar.


Günorta Hytaý welaýaty Haýnanyň paýtagty Haýkou şäherinde «Hytaý bilen duşuşyk» atly halkara media-syýahata badalga berildi – diýip, China daily habar berýär.


Stambulda hemra-şäherleri, «ätiýaçlyk» şäherleri diýlip atlandyrylýanlary döretmegi meýilleşdirýärler – diýip, TASS habar berýär. Olar Stambul gämi kanalynyň iki tarapynda hem ýerleşerler, olary Bosforyň daşyndan aýlap gurarlar.


Hytaýyň häkimiýetleri mekdeplerde we jemgyýetçilik ulaglarynda örtükleriň hökmany dakylmagyny ýatyrdy – diýip, Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentligi habar berýär.


Özbegistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny kabul etmek boýunça referenduma görülýän taýýarlygyň çäklerinde «REFERENDUM2023uzBot» telegram-bot döredildi – diýlip, Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.


«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Býuro Weritas Marin Gazagystyan» BV klassifikasiýa jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.


BMG-niň Türkmenistandaky ösüş Maksatnamasy D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Kitap – paýhas çeşmesi» Kitap klubynyň çäklerinde Durnukly ösüşiň maksatlarynyň agşamlarynyň birnäçesiniň badalga berilmegine gatnaşdy.


«Lebapsuwhojalyk» önümçilik birleşigi tehnikanyň täze tapgyryny edindi, oňa Ýaponiýanyň Komatsu kysymly 6 buldozeri we 12 ekskawatory girýär. Ýene-de 15 sany tehnikanyň gelmegine garaşylýar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.