

OPEK+ ýurtlary iýunda ministrler derejesinde ýüzbe-ýüz duşuşygy geçirmegi meýilleşdirýärler
4-nji iýuna meýilleşdirilen OPEK+ ýurtlarynyň ministrler duşuşygy ýüzbe-ýüz görnüşinde geçiriler - diýip, TASS habar berýär.


4-nji iýuna meýilleşdirilen OPEK+ ýurtlarynyň ministrler duşuşygy ýüzbe-ýüz görnüşinde geçiriler - diýip, TASS habar berýär.


Aýlagyň Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlary «Şengen görnüşindäki wizanyň» girizilmegi barada gepleşikleri geçirýärler, ol syýahatçylara bir wiza bilen ähli hyzmatdaş-ýurtlara baryp görmäge mümkinçilik berer.


Türkmenistan häzirki wagtda demirýol ulagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berýär, muňa soňky ýyllarda ýurtda amala aşyrylýan iri göwrümli infrastruktura taslamalary şaýatlyk edýär. Dünýädäki geosyýasy üýtgeşmeler dünýäniň ulag ulgamyna öz düzedişlerini we üýtgeşmelerini girizýär we Türkmenistan dürli yklymlary birleşdirýän täze global geçelgeleri we ugurlary "gurmaga" işjeň gatnaşýar - diýip, “Türkmendemiryollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow Aşgabatda ITTC-2023 halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.


«Türkmenistan awiakompaniýasy», yzygiderli halkara ýolagçy gatnawlaryny tapgyrlaýyn dikeldýär we Seul (Günorta Koreýa), Tokio (Ýaponiýa), Milan (Italiýa), Jidda (Saud Arabystany), Ho Chi Minh we Hanoý (Wýetnam) ýaly ýerlere ýolagçy gatnawlary bilen uçuşlaryň geografiýasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmenistan awiakompaniýasy» agentliginiň başlygy Döwran Saburow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen ulag we üstyaşyr geçelgeleri boýunça halkara forumda eden çykyşynda aýtdy.


«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş— 2023» maslahatynyň meýdançasynda Türkmenistanyň ulag agentlikleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen dürli resminamalaryň otuza golaýyna gol çekildi.


Germaniýanyň Kras Logistics kompaniýasynyň baş direktory Genrih Waal Aşgabatda logistiki kompaniýanyň şahamçasynyň açylýandygyny mälim etdi. Wekilhana yklymlaýyn ýük daşamalarynyň mümkinçiligini açyp biler – diýip, Waal Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçýän ITTC — 2023 maslahatynda beýan etdi.


Häzirki wagtda Türkmenistanda 270-e golaý onlaýn-meýdança bar, bu bolsa ýurtda internet-söwdanyň artýan ornuny görkezýär. Onuň ösmegi üçin döwlet derejesinde änyk ädimler ädilýär – diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew ITTC-2023 halkara ulag maslahatynda çykyş etmek bilen, nygtady.


Häzirki zaman işewür zenanlaryň barha artýan orny 18-nji maýda başlanjak «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2023» XIV Halkara ykdysady forumynda ara alnyp maslahatlaşylar.


«Öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasy» taslamasynyň çäklerinde BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezinde Aşgabatda «Ýewropa Birleşiginiň Merkezi Aziýa sebiti bilen özara hyzmatdaşlygy» atly okuw geçirildi.


Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki «Temir-baba» geçiş nokadynda serhet geçelgelerini döwrebap;aşdyrmak boýunça işleriň başlanmagy sebäpli ulag serişdeleriniň geçirilişini çäklendirdi, ol 2024-nji ýylyň aýagyna çenli geçirijilik ukybynyň 8-12 esse artdyrylmagyny üpjün eder.


«Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen güýçli, uzak möhletli we dowamly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris», - diýip «RŽD» AGPJ-yň baş müdiriniň birinji orunbasary Sergeý Pawlow aýtdy. Ol Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýul aýynda Russiýa Federasiýasyna eden saparynyň bu gatnaşyklara güýçli itergi berendigini nygtady.


Türkmenistan geografiki ýerleşişi sebäpli global üpjünçilik zynjyrynda möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz bu artykmaçlygy ulanmak we halkara söwdasynyň ösmegine itergi berýän, ykdysady taýdan üstaşyr geçelgelerini döretmek, üstaşyr özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin ulag infrastrukturasyna uly maýa goýumlaryny çekmek isleýär. Bu barada Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş müdiri Mämmethan Çakyýew aýtdy.


Ähliumumy pandemiýa we global üpjünçilik zynjyrlaryna we üstaşyr ugurlara barha artýan basyş käbir meseleleri hasam kynlaşdyrdy we Merkezi Aziýada deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysadyýetine täsirini ýetirdi. Şeýle-de bolsa, Orta Aziýanyň, Kawkazyň, Türkiýäniň we Gündogar Ýewropanyň desgalary we ykdysadyýetleri arkaly Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýük torlaryny birleşdirýän köptaraplaýyn multimodal ulag ugry bolan Orta geçelgäniň ösüşi Merkezi Aziýa, Kawkaz we beýleki ýurtlaryň ykdysadyýetleri üçin uly ähmiýete eýe bolup biler – diýip, Aşgabatdaky OSCE merkeziniň başlygy, ilçi Jon Makgregor çarşenbe güni Aşgabat şäherinde “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITTC-2023) atly halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy.


― Men Aşgabatda Türkmenistanyň hökümeti bilen üstünlikli gepleşikleri geçirdim. Biz ulag pudagynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Gürrüň, hususan-da, häzirki wagtda ýol ulag operatory tarapyndan berilýän ýol üçin rugsat hatynyň ýatyrylmagy barada boldy. Bu ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin möhüm ädimdir we Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag geçelgeleriniň ösmegine goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär - diýip, Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary, Gara deňiz - Hazar deňzi halkara ulag ugrunyň strategiki taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň utgaşdyryjysy Adrian Fogiş Aşgabat ITTC-2023 Halkara ulag forumynda eden çykyşynda aýtdy.


Fransuz dilindäki üçünji olimpiada maý aýynyň başynda Aşgabatda geçiriler. Dil bäsleşigi Türkmenistandaky Fransuz instituty tarapyndan gurnalýar. Aşgabatdaky we sebitlerdäki türkmen mekdeplerinde, şeýle hem fransuz institutynda fransuz dilini öwrenýän çagalar we ýetginjekler bäsleşige gatnaşyp bilerler.