

Trinidadyň we Tobagonyň wekili BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň başlyklygyna saýlandy
BMG-nyň indiki – 78-nji sessiýasynyň başlyklygyna Trinidadyň we Tobagonyň wekili Dennis Frensis saýlandy.


BMG-nyň indiki – 78-nji sessiýasynyň başlyklygyna Trinidadyň we Tobagonyň wekili Dennis Frensis saýlandy.


Ýerewanda Ermenistanyň Kino işgärleriniň birleşmesiniň Kino öýünde Magtymguly Pyragynyň ömri hakyndaky režissýor Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin» filmini Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde görkezdiler.


Penşenbe güni, 1-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $24,4 mln amerikan dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Prezident Şawkat Mirziýoýewiň döwlet baştutanlygyna täze möhlete dalaşgär hökmünde hödürleýän täze meýilnamasy JIÖ Özbegistanyň ilatynyň jan başyna $2,2 bolanlygyndan $4 müňe çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Maglumat «UzLiDep» metbugat gullugyndan gelip çykýar.


GDA-nyň ýaragsyzlanmak meselesi boýunça bilelikdäki geňeş toparynyň mejlisi 1-nji iýunda Minskde geçirildi.


Halkara Çagalary goramagyň güni, Türkmenistan hökümeti bilen bilelikde ÝUNISEF-iň dürli çäreleri bilen 1-nji iýunda Aşgabatda çagalaryň gatnaşmagynda bellendi.


Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde türkmen-fin gepleşikleri penşenbe güni 1-nji iýunda Aşgabatda geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Finlýandiýa tarapyna Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň baş müdiri Mariýa Elina Liiwala ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ikka Rýasýanen hem gatnaşdy.


Türkmenistanda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan, şeýle-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ösüşi barada pikir alyşdy.


Penşenbe güni paýtagtymyzdaky “Aşgabat” seýilgähi ýöriteleşdirilen we kömekçi mekdep-internatlarynda, birnäçe mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda we köp çagaly maşgalalarda terbiýelenýän çagalar üçin uly baýramçylyk meýdançasyna öwrüldi. Şowhunly çäre her ýyl 1-nji iýunda bütin dünýäde bellenip geçilýän Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy. Aşgabadyň ýaşajyk ýaşaýjylary üçin bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Çagalar gaznasynyň işgärleri guradylar.


1-nji iýunda Minskde ýaraglanma gözegçilik, ýaragsyzlanmak we ýarag ýaýratmazlyk meseleleri boýunça GDA agza ýurtlaryň DIM-leriň geňeşmeleri geçirildi.


Mawy ammiak öndürýän Merkezi Aziýa boýunça ilkinji zawod Günorta Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda gurlar. Ylalaşyga gol çekişlik ýylyň ahyryna çenli amala aşyrylmagyna, gurluşygyň bolsa indiki ýylyň ikinji ýarymyndan gijä galman başlamagyna garaşylýar diýip, «The Korea Herald» ýazýar.


Fransuz "Pari Sen-Žermen" klubynyň baş tälimçisi Kristof Galtýe argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň möwsüm tamamlananda futbol klubyny terk etjekdigini mälim etdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.


"Türkmenhowaýollary" agentliginiň saýtynda içerki gatnawlaryň täze tertibi çap edildi.


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti “Times Higher Education” (THE) abraýly bilim guramasy tarapyndan düzülen “The Impact Rankings 2023” jemleýji sanawyna girizildi.