

Özbegiýanyň Namangan şäherinde halkara gül festiwaly açyldy
Adaty gül festiwaly şu ýyl Namangan şäherinde 62-nji gezek açyldy. Hoşboý ysly we owadanlygy boýunça ajaýyp baýramçylyk täze güller bilen bezelen ulaglaryň gatnaşan awtomobil korteži bilen başlandy. 200- den gowrak awtoulag - seýrek modeller, retro stilindäki awtoulaglar, häzirki zaman jipler, ýük awtoulaglary, gurluşyk we hatda kombaýnlar welaýat merkeziniň köçelerinden geçdiler. Olar, dürli görnüşli geň nagyşlary we bezegleri döreden 30 müňden gowrak täze güller bilen bezelipdir, - diýip «Dunýo» habarlar agentligi habar berýär.



















