HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Putin dünýädäki ilkinji zenan-kosmonawty Gagarin ordeni bilen sylaglady

Iýun 16, 2023 | 16:08 |9359
Prezident Wladimir Putin, dünýäde ilkinji zenan-kosmonawt Walentina
Tereşkowany täze döredilen Gagarin ordeni bilen sylaglady. Bu barada karar
Russiýanyň resmi internet hukuk maglumat portalynda çap edildi.Prezident Wladimir Putin, dünýäde ilkinji zenan-kosmonawt Walentina
Tereşkowany täze döredilen Gagarin ordeni bilen sylaglady. Bu barada karar
Russiýanyň resmi internet hukuk maglumat portalynda çap edildi.
Çeşme: riamo.ru

Prezident Wladimir Putin, dünýäde ilkinji zenan-kosmonawt Walentina Tereşkowany täze döredilen Gagarin ordeni bilen sylaglady. Bu barada karar Russiýanyň resmi internet hukuk maglumat portalynda çap edildi.

«Älem giňişligini özleşdrmekde görnükli hyzmatlary, äleme taryhy uçuşyny amala aşyrmakda görkezilen gaýduwsyzlyk we edermenligi, işjeň jemgyýetçilik we halkara işleri üçin Sowet Soýuzynyň Gahrymany, SSSR-iň kosmonawty, Russiýa Federasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Döwlet Dumasynyň orunbasary, Döwlet Duma Halkara gatnaşyklary komitetiniň agzasy Tereşkowa Walentina Wladimirownany Gagarin ordeni bilen sylaglamaly», — diýip resminamada aýdylýar.

Putin Gagarin ordenini maý aýynda döretdi. Onuň bilen älem pudagyndaky üstünlikleri üçin sylaglanjakdygy habar berildi.

Tereşkowanyň äleme uçuşy takmynan 60 ýyl ozal – 1963-nji ýylyň 16-njy iýunynda başlandy. Şol gün «Wostok» raketa «Baýkonur» kosmodromyndan uçup, «Wostok-6» älem gämisini orbita çykardy. Uçuşyň dowamlylygy iki gün 22 sagat 50 minut, uzaklygy bir million 971 müň kilometre ýetdi. Gämi Ýeriň töwereginde 48 aýlaw edip, 19-njy iýunda enjam Altaý ülkesinde howpsuz ýere gondy.

Tereşkowa älemdäki ilkinji aýal we Sowet kosmonawtlarynyň arasynda altynjy boldy. Şu wagta çenli ol ýeke özi uçan ýeke-täk aýal bolup galýar - galanlaryň hemmesi diňe ekipažyň bir bölegi hökmünde uçdy. Ondan soňky aýal äleme diňe 19 ýyl soň uçdy. Ol 1982-nji ýylda uçan Sowet kosmonawty Swetlana Sawitskaýa diýip, RIA Nowosti ýatladýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026