Türkmen alymlary wodorod almak boýunça iş alyp barýarlar


Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwesitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň alymlary gidroliz usulynda wodorod almak boýunça iş alyp barýarlar. Bu ugurda merkeziň alymlary birnäçe gowy netijelere eýe boldular.
Bu barada merkeziň direktorynyň orunbasary Baýram Welhanow paýtagtymyzda geçirilýän “Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary” atly ylmy-amaly maslahatyň dowamynda mälim etdi.
Mälim edilişine görä, ýokary okuw mekdebiniň düzümindäki ylmy merkeziň alyp barýan iş ugurlaryny has-da kämilleşdirmek we alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen wodorod energetikasy boýunça iň täze enjamlar getiriler.
Wodorod energetikasy merkeziniň alymlarynyň hünär taýýarlygy we daşary ýurtlaryň tejribesini öwrenmekleri üçin halkara hyzmatdaşlygyny hem ösdürýär. Bu babatda, soňky döwürde Londonyň Imperiýa kolleji, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Ind.” we “Iwatani” kompaniýalary, BMG-niň Senagat ösüşi guramasy we Atom energetikasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) bilen gatnaşyklar ýola goýlup, bilelikde çäreler geçirildi.
ORIENT news








