

Kompozitor Mammet Guseýnow Kaliningradda Ýelena Obrazsowa bagyşlanan konsertde çykyş etdi
Kompozitor we pianinoçy Mammet Guseýnow 26-njy maýda Kaliningradyň Ýe.F. Swetlanowa adyndaky filarmoniýasynda geçirilen «Ýelena Obrazsowa bagyşlama» gala konsertine gatnaşdy. Ol aýaly Darýa bilen bilelikde özüniň asyl kompozisiýalaryny, şeýle hem şu ýyl tutuş saz dünýäsi tarapyndan 150 ýaşyny belleýän Sergeý Rahmaninowyň eserlerini halka hödürledi.



















