“Windows-11-de” poçta we kalendar bolmaz


“Windows 11” operasion ulgamynda mundan beýläk “Poçta” we “Kalendar” goşundylary bolmaz. Kompaniýa ulanyjylara olaryň deregine täzelenen “Outlook” goşundysyndan peýdalanmaga çagyrýar. Ol ýerde “Poçta” we “Kalendar” goşundylarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkin.
Şeýlelikde, “Poçta” we “Kalendar” goşundylary “Microsoft Store-da” 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli ýükläp almak elýeterli bolar. Bu seneden soň, kompaniýa bu iki goşundyny ulanyşdan aýryp, olaryň ýerine “Outlook” programmasyndan peýdalanmagy öňe sürer.
Ulanyşdan aýryljak bu iki programmanyň meşhurlygynyň pesligi sebäpli, 2021-nji ýylyň oktýabryndan bäri täzelenen görnüşi çykarylmaýar. “Poçta-dan” “Outlook” programmasyna geçmek üçin goşundyny açanyňda sag burçda çykýan «попробуйте новую версию Outlook» düwmesine basmak ýeterlik.
ORIENT news








