HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň “Hatyra” kitaby çapdan çykdy

Sentýabr 14, 2023 | 09:02 |9160
“Hatyra” kitabynyň IV jildiniň täze neşiri Lebap welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar. Şeýlelikde, bar bolan maglumatlara görä, Beýik Watançylyk urşunda ýurdumyzyň gündogar sebitinden 21 müň 86 adam Watan ugrundaky söweşlerde gurban bolupdyr we dereksiz ýitipdir.“Hatyra” kitabynyň IV jildiniň täze neşiri Lebap welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar. Şeýlelikde, bar bolan maglumatlara görä, Beýik Watançylyk urşunda ýurdumyzyň gündogar sebitinden 21 müň 86 adam Watan ugrundaky söweşlerde gurban bolupdyr we dereksiz ýitipdir.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

“Hatyra” kitabynyň IV jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşirinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan, şeýle hem dereksiz ýiten watandaşlarymyz hatyralanýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Hatyra” kitabynyň IV jildiniň täze neşiri Lebap welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar. Şeýlelikde, bar bolan maglumatlara görä, Beýik Watançylyk urşunda ýurdumyzyň gündogar sebitinden 21 müň 86 adam Watan ugrundaky söweşlerde gurban bolupdyr we dereksiz ýitipdir.

Bu kitapda dereksiz ýiten, söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolan, agyr ýaralanyp aradan çykan hem-de mähriban ojaklaryna gaýdyp gelmedik lebaply esgerleriň sanawlary elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, neşirde taryhy çeşmelerden alnan maglumatlar, dürli mazmundaky hatlar, esgerleriň suratlary, metbugat sahypalarynda çap edilen habarlar, uruş ýyllarynda ýazylan goşgular, Lebap welaýatynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň hatyrasyna dikilen ýadygärlikleriň suratlary görkezilýär.

“Hatyra” kitabynyň I we II jildi Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden, III jildi hem Daşoguz welaýatynyň gahrymanlaryna bagyşlanýar. Beýik Watançylyk urşuna jemi 180 müň töweregi türkmenistanly gatnaşyp, şolaryň 100 müňden gowragy söweş meýdanynda janyny beripdirler. Jemi 78 müň töweregi esger Beýik Watançylyk urşunyň medallary bilen sylaglanyp, şolaryň 112-si “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” diýen belent ada eýe bolupdyrlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026