

Türkmenistan we Bütindünýä poçta birleşigi hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşygy geçirildi.


Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşygy geçirildi.


Ukrainanyň Harkow politehniki institutynda bilim alýan türkmen talyby Babageldi Halimow 90 kilogram agram derejesinde jiu-jutsu boýunça boýunça Harkow oblastynyň çempiony boldy.


Türkmenistanly ýaş sazanda Eziz Garýagdyýew “Saz marafony” atly çagalar saz mekdeplerinde we çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçirilýän IX Bütinrussiýa saz bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy.


Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň administrasiýasy, geçen hepde gubernatorynyň Türkmenistanyň Mary welaýatyna eden saparyndan soň, iki serhet sebitiniň arasynda hyzmatdaşlygyň komitetini döretdi we bu iki tarapyň ykdysady meseleler boýunça wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün edýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) wezipesine bellenildi.


Duşenbe güni, 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurduň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Hao Minsziniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň harby gullukçylary ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça geçirilen bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar.


Aspirantlar we doktorantlar üçin “Anadolu” habarlar agentliginiň talyp haklaryny almaga ýüztutmalaryň kabul edişligi dowam edýär. Bu barada agetnligiň saýtynda habar berilýär.


Geçen hepde Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.


Şu ýyl döredilmeginiň 45 ýyllygyny belleýän Gaplaňgyr döwelet goraghanasy öz çäginde jerenleriň sanyny 200-e ýetirmegi başardy.


Türkmenistan özbek Lideri Şawkat Mirziýoýewiň soňky 6 ýylda iň köp sapar eden esasy 3 ýurdunyň biri boldy.


Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasy Türkmenistana 292 tonna bugdaý ununy eksport etdi.


Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylygyndaky topar, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliniň wekilleri Ýaponiýanyň Sanly özgeriş agentliginiň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyny medallar bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda Permanlara gol çekdi.


Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülip biler. Biziň ýurdumyzda Hazar deňzinde häzirki zaman port infrastrukturasy bar, kontinentdäki harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin halkara geçelge hökmünde ähmiýeti artýar diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginň Baş direktorunyň orunbasary Batyr Annaýew, Brýusselde “Global Gateway” Maýa goýum forumynyň açylyşynda aýdyp geçdi.