Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID BMG-niň UNODC bilen hyzmatdaşlykda türkmen žurnalistleri üçin seminar geçirdi

Fewral 28, 2024 | 16:30 |6336
27-28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda žurnalistleriň ählumumy wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça etiki hasabatlylygy boýunça okuw seminary geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreş Müdirligi (UNODC) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasy tarapyndan gurnaldy.27-28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda žurnalistleriň ählumumy wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça etiki hasabatlylygy boýunça okuw seminary geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreş Müdirligi (UNODC) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasy tarapyndan gurnaldy.
Çeşme: “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasy

27-28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda žurnalistleriň ählumumy wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça etiki hasabatlylygy boýunça okuw seminary geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreş Müdirligi (UNODC) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasy tarapyndan gurnaldy.

Bu çärä döwlet we hususy habar beriş serişdeleriniň, telewideniýäniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplary hem-de mugallymlary gatnaşdylar.

1.jpg

Seminaryň dowamynda halkara hünärmenler žurnalistika üçin iň oňat tejribeleri we strategiýalary hödürlediler, şeýle hem global wehimleri we meseleleri çözmek ugrundaky täze çemeleşmeler we üstünlikli tejribeler barada çykyş etdiler. Okuwyň maksady dürli (migrasiýa howpsuzlygy, psihotrop maddalaryň ulanylmagynyň profilaktikasy we adam söwdasy ýaly) ýagdaýlar sebäpli ejir çeken ilatyň ejiz toparlary bilen baglanyşykly metbugatda we sosial habarlarda neşirleri taýýarlamakda bilimleri we başarnyklary ösdürmek boldy.

Okuw seminaryna Özbegistanyň tejribeli žurnalistleri we Gazagystanyň "Ýaşlar guramalarynyň ýaşlar sebit ulgamy we Merkezi Aziýada özgerişler, neşe serişdelerinden we jenaýatlardan azat jemgyýet üçin liderler" ulgamynyň ýolbaşçysy Žandos Aktaýew” gatnaşdy. Olar özleriniň bu ugurdaky özboluşly we gyzykly tejribesini paýlaşdylar.

2 (1).jpg

Maslahatyň dowamynda howpsuz migrasiýa we adam söwdasyna garşy göreş meselelerini öz içine alýan media etikasy, žurnalistikanyň ülňüleri, migrasiýa, adam söwdasy we olaryň ekspluatassiýa meseleleriniň dili we stili, sosial ulgamlar arkaly ýaýradylan zyýanly maglumatlaryň alamatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşanlar hakykaty ýoýup we jemgyýetçilik dialogyny bulaşdyryp biljek negatiw tendensiýalara garşy göreşmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

3.jpg

Bu seminar tejribe alyşmaga we habarly jemgyýetçilik pikiriniň döremegine goşant goşmak üçin häzirki zaman žurnalistikasyndaky häzirki meseleleri çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berdi. Şeýle çäreler žurnalistleriň hünärlerini ýokarlandyrmakda we metbugatda ahlak kadalaryny öňe sürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026