

Deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň dünýä söwdasyndaky paýy 1% -i tutýar
Abu Dabide geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň 13-nji ministrler maslahatynyň çäginde deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlar üçin ýörite çäre geçirildi.


Abu Dabide geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň 13-nji ministrler maslahatynyň çäginde deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlar üçin ýörite çäre geçirildi.


“Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük stansiýalary halkara gatnaw ugurlarynda import-eksport we tranzit ýükleri üçin hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär. Menziller tarapyndan amala aşyrylýan täze hyzmatlar ulag amallarynyň möçberlerini artdyrmak we söwdany ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.


Belarus 2024-nji ýylyň 15-17-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek “Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food” halkara oba hojalygy we azyk senagaty sergisinde önüm öndürijileriniň önümleriniň köpçülikleýin görkezilişini hödürlemegi maksat edinýär.


«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder. Bu barada tehnologiýa ägirdiniň wekilleri Barselonada geçirilýän ykjam tehnologiýalar kongresinde (MWC) aýtdylar. Bu barada «Euronews» habar berýär.


Barselonada ykjam enjamlar senagatynyň dünýädäki iň iri sergileriniň biri bolan «Mobile World Congress 2024» geçirilýär.


Degişli çözgüde Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow gol çekdi diýip, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi. Resminama laýyklykda, ýurduň Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawynyň “Binagärlik ýadygärlikleri” bölümine “Ýanardag” döwlet taryhy-medeni we tebigy goraghanasy hem-de XVII-XVIII asyrara degişli Muhammedli obasyndaky Alidaşy mukaddes ýeri girizildi.


Sişenbe güni wagtlaýyn Federal energetika ministri Muhammet Aly we Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) taslamasynyň gidişi barada pikir alyşdylar.


Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda “ýaşyl” oýunlary gurar.


Russiýanyň Etnografiýa muzeýinde peterburglylara yssy howaly Türkmenistanyň köp öwüşginli aýratynlklary we ajaýyp sazlary tanyşdyryldy. Bu barada “Sankt-Peterburg” teleýaýlymy habar berýär.


Bilermenler Russiýada 2024-nji ýylyň 21-nji fewralyndan 3-nji marty aralygynda geçirilýän çärä şeýle baha berdiler. Dünýä sportynyň taryhynda ilkinji gezek Kazanda «Geljegiň oýunlary» atly köpugurly halkara sport ýaryşy geçirilýär. Täze görnüşli oýunlar Eýrandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Yslam dünýäsiniň beýleki ýurtlaryndan dünýäniň iň güýçli türgenlerini bir ýere jemledi. Ýaryşa 107 ýurda wekilçilik edýän 277 topardan jemi 2000-den gowrak türgen gatnaşýar.


Duşenbe güni, 26-njy fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz we polipropilen ýerlenildi.


Üstümizdäki on ýyllygyň ahyryna çenli Katar Döwleti suwklandyrylan gaz önümçiligini 85 göterime çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.


Bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyrýan gulluk-iş saparynyň çäklerinde ýurduň iri bilim merkezi – Bilimler şäheriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.


Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleriniň Gyrgyzystana bolan saparynyň çäklerinde ýurduň Sanly ösüş ministrliginiň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.


Gazagystandaky Türki akademiýanyň wekilleri mart aýynda “Änew – türki dünýäsiniň medeni paýtagty – 2024” ýylynyň açylmagy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geler.